跳到主要内容
Nelum
土库曼斯坦的法律

Order of the Chairman of the State Commodity and Raw Materials Exchange No. 01/05-13 validating the Regulation on registration of foreign and domestic trade agreements (additional agreements) subject to registration on the commodity exchange

颁布于 2019-08-15 · 文本截至 2026-10-01

以研究形式发布的公开法律与官方指引,不构成法律、税务或金融建议。

研究内容本身以英文撰写。标题和标签已翻译,调查结果和引文未翻译。

关于这部法律

原标题
Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň.
语言
Turkmen
类型
条例
国家
土库曼斯坦
主题
General
关键词
contracts, internal trade, international trade, registration, procedural matters
类别
*

在哪里阅读

文本

所收录的法律原文,按条款排列。每个条款都有自己的链接。

  1. 1. Şu Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji kararyna we şol karar bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakynda Düzgünnama hem-de «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 252-nji kararyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (mundan beýläk - Birža) birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylýan daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (mundan beýläk – Şertnamalar, birlik sanda - Şertnama) we olara goşmaça ylalaşyklary bellige almaklygy düzgünleşdirýär.

  2. 2. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) bellige alynmagy üçin bellenen tertipde tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda Şertnamalary bellige almak üçin zerur resminamalaryň sanawlaryna (mundan beýläk - Sanawlar) laýyklykda resminamalar bukjasy Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylýar. Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylmazdan öň, bellige alynmagy üçin hödürleniljek Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) taslamasy Sanawa laýyklykda degişli resminamalar bilen bilelikde ylalaşmak üçin elektron poçtanyň üsti bilen Biržanyň resmi elektron poçtasynyň salgysyna iberilip bilner. Biržanyň resmi elektron poçtasyna gelip gowşan Şertnama (goşmaça ylalaşyk) we onuň resminamalar bukjasy şu Tertibe laýyklykda seljerilýär. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we onuň resminamalar bukjasyny seljermegiň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler düzetmek üçin elektron görnüşde Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we resminamalar bukjasyny iberen şahsyň elektron poçtasyna iberilýär. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) taslamasy ylalaşylandan soň, Şertnama (goşmaça ylalaşyk) bellige alynmagy üçin şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylýar.

  3. 3. Resminamalar bukjasyny Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni kabul edip, iş ýöretmek üçin Şertnama (goşmaça ylalaşyga) kabul ediş belgisini belleýär. Döwlet eýeçiligine dahylly ýuridik şahslaryň baglaşan Şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklaryny) bellige almak, diňe şol tarapyň ýüzlenmesi esasynda amala aşyrylýar.

  4. 4. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) bellige almak 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibe laýyklykda ylalaşmak üçin ýokarda durýan guramalara we gulluklara iberilen döwri bu möhlete girmeýär. Zerurlyk ýüze çykan halatynda şu möhlet degişli müdirligiň ýa-da bölümiň gulluk ýazgysy esasynda Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan 10 (on) iş gününe çenli uzaldylyp bilner.

  5. 5. Kabul edilen Şertnama (goşmaça ylalaşyk) boýunça maglumatlary Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizýär. Şertnama (goşmaça ylalaşyk) döwlet dilinde ýazylmalydyr. Taraplaryň ylalaşygy boýunça döwlet dili bilen birlikde beýleki dilleriň hem ulanylmagyna ýol berilýär. Şertnama (goşmaça ylalaşyga) taraplar gol çekip, öz möhürlerini basmalydyr. Taraplaryň ylalaşygy esasynda dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda baglaşylan Şertnamalar (goşmaça ylalaşyklar) (hukuk oruntutarlyk baradaky goşmaça ylalaşyklaryndan başgasy) boýunça dahyllylaryň golunyň we möhüriniň asyl nusgasy bilen birlikde dahylsyzlaryň golunyň we möhüriniň faksimil we/ýa-da skanirlenen görnüşiniň hem ulanylmagyna ýol berilýär. Goşmaça ylalaşyklar (hukuk oruntutarlyk baradaky goşmaça ylalaşyklaryndan başgasy) Biržada öň bellige alnan Şertnamanyň ýazylan dilinde (dillerinde) ýazylmalydyr we nusgalarynyň sanyna laýyklykda düzülmelidir. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal Biržasynda bellige alynýan Şertnama esasynda satyn alynýan we satylýan (alyş-çalyş edilýän) harytlaryň sanawy ýöriteleşmede (şu Tertibe goşundy) görkezilip, Şertnamanyň goşundysy hökmünde tabşyrylýar we onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizmek üçin ýöriteleşme elektron göterijide Excel programmasynda ýerine ýetirilen görnüşinde hem tabşyrylýar. Göwrümi bir sahypadan köp bolan Şertnamalar (goşmaça ylalaşyklar) bagjyklanylyp tabşyrylmaly we olaryň arka tarapynda sahypa sany görkezilip, taraplaryň biriniň goly we möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

  6. 6. Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizilen Şertnama (goşmaça ylalaşyk) Biržanyň Baha seljeriş we bazary öwreniş bölüminiň garamagyna geçirilýär we şol bölüm tarapyndan Şertnamada görkezilen harytlaryň bahasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakynda Düzgünnamanyň bäşinji bölegine laýyklykda seljerme işleri geçirilýär. Seljerme işleri Biržanyň başlygy tarapyndan bellenen tertipde we usullar boýunça geçirilýär. Geçirilen seljerme işleriniň netijesi baradaky maglumatlar (satyjynyň baha baradaky maglumatlary, Biržada öňki bellige alnan Şertnamalarda geçen bahalar, internet ulgamyndan, harytlaryň nyrhlary baradaky neşirlerden alnan bahalar we beýleki maglumatlar) ýerine ýetiriji tarapyndan Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň – bahalar seljerilen ýagdaýynda) bukjasyna çatylýar.

  7. 7. Biržanyň Baha seljeriş we bazary öwreniş bölüminiň hünärmenleri harytlaryň bahalary boýunça geçirilen seljermeleriň netijesini kompýuteriň üsti bilen Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizýär we Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň garamagyna geçirýär.

  8. 8. Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmenleri Şertnama (goşmaça ylalaşyk) babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seljerme geçirýärler we şu Tertibiň ikinji böleginde göz öňünde tutulan Sanawlara laýyklykda resminamalar bukjasynyň dolulygyny kesgitleýärler hem-de Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) sowatly ýazylyşyna we talaba laýyk düzülişine baha berýärler.

  9. 9. Döwlete dahylly ýuridik şahslaryň bahasy daşary ýurt pulunda kesgitlenen harytlary satyn almak (alyş-çalyş etmek) baradaky şertnamalary (goşmaça ylalaşyklary) we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryndan gelip çykýan şertnamalary (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň hukuk esaslary Biržanyň Hukuk we işgärler müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan hem seljerilýär.

  10. 10. Şertnamalar (hukuk oruntutarlyk baradaky goşmaça ylalaşyklar) bellige alnanda Biržanyň degişli bölümleriniň we müdirlikleriniň hünärmenleri tarapyndan Biržada jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň içerki gözegçilik Kadalarynda bellenen çäreler degişli barlag işlerini geçirmek we maglumatlary talap edip almak arkaly amala aşyrylýar.

  11. 11. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we onuň resminamalar bukjasyny seljermegiň dowamynda degişli bölümleriň we müdirlikleriň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykarylyp, Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizilen kemçilikleriň düzedilmegi üçin Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni bellikleri we kemçilikleri ýazmaça görnüşde 2 (iki) nusgada neşir edip, olary düzetmek üçin resminamalar bukjasyny Şertnamany bellige aldyrmak üçin ýüz tutan tarapyň wekiliniň hut özüne, ýazmaça berlen bellikleriň nusgasyna onuň adyny, familiýasyny, kabul eden senesini görkezip, gol çekdirmek arkaly gaýtarýar. Ýazmaça berlen bellikleriň bir nusgasy Biržada galdyrylýar, beýleki nusgasy bolsa gaýtarylan resminamalaryň bukjasyna goşulýar.

  12. 12. Şertnama (goşmaça ylalaşyk) boýunça ýüze çykarylan kemçilikler we edilen bellikler düzedilenden soň, Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni tarapyndan resminamalar bukjasy täzeden kabul edilip, Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadynda degişli üýtgetmeler we düzedişler girizilýär hem-de Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) bellige almak şu Tertibiň dördünji böleginde bellenen möhletde amala aşyrylýar.

  13. 13. Seljerilen Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) bellige almak boýunça oňyn netije çykarylandan soň, Biržanyň Baha seljeriş we bazary öwreniş bölümi, Hasaba alyş bölümi we Hukuk we işgärler müdirligi tarapyndan Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadynda degişli bellikler edilýär hem-de resminamalar bukjasy Biržanyň ýolbaşçylarynyň garamagyna berilýär.

  14. 14. Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan Şertnamany bellige almaga rugsat berleninden soň, Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji kararynyň ikinji böleginde kesgitlenen möçbere laýyklykda Şertnamanyň taraplaryna degişli birža ýygymyny tölemek üçin hasap-fakturasyny ýazyp berýär. Birža ýygymy hasap-fakturasynyň ýazylyp berlen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda tölenilmelidir. Tölenen birža ýygymlary gaýtarylmaga degişli däldir. Şertnamanyň tarapynyň beren ýazmaça towakganamasy esasynda birža ýygymyny tölemegiň möhleti Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan uzaldylyp bilner. Goşmaça ylalaşyk bellige alnandygy üçin taraplaryň biri Biržanyň başlygynyň buýrugy bilen bellenen möçberde birža ýygymyny töleýär.

  15. 15. Birža ýygymy doly tölenenden soň, Biržanyň degişli wezipeli adamlary tarapyndan wezipe borçlarynyň paýlanyşygyna laýyklykda, Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) bellige alnandygy tassyklanylyp, olaryň her biriniň arka tarapyna gol çekilýär. Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi Şertnamanyň görnüşiniň gysgaldylan belgilenmesini (içeri söwda şertnamasy – ISŞ, import şertnamasy – IMP, eksport şertnamasy – EKS, içerki gurluşyk şertnamasy (potratçy bolup dahyllylar çykyş edende) – IGŞ, gurluşyk şertnamasy (potratçy bolup dahylsyzlar çykyş edende) – GUR, kömekçi potrat şertnamasy – SUB, alyş-çalyş (barter) şertnamasy – BRŞ, emlägi kärendä almak (bermek) şertnamasy – KÄR, enjamy abatlamak şertnamasy – ABT, lizing şertnamasy – LIZ, tolling şertnamasy – TOL, hyzmat etmek, işleri ýerine ýetirmek baradaky şertnama – HZM) we bellige alyş belgisini Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) arka tarapyna belläp, möhür bilen tassyklaýar. Birža ýygymlary 30 (otuz) iş gününiň dowamynda tölenilmedik ýagdaýynda, Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi bu barada Biržanyň başlygyna ýazmaça habar berýär hem-de Biržanyň elektron maglumatlar binýadynda degişli bellik edip, bellige alynmadyk Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) ony bellige aldyrmak üçin ýüz tutan tarapyň wekiliniň hut özüne, ýörite kitapça onuň adyny, familiýasyny we wezipesini görkezmek bilen bellik edip yzyna gaýtarýar.

  16. 16. Bellige alnan Şertnama (goşmaça ylalaşyk) Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölüminiň hünärmeni tarapyndan (wezipe borçlaryna laýyklykda) Şertnamany bellige aldyrmak üçin ýüz tutan tarapyň wekiliniň hut özüne berilýär we bu barada onuň adyny, familiýasyny we wezipesini görkezmek bilen ýörite kitapça bellik edilýär. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) bir nusgasy resminamalar bukjasy bilen bilelikde Biržanyň arhiwine saklamak üçin tabşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygynyň 2019-njy ýylyň 15-nji awgustynda çykaran 01/05-13 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň TERTIBI

  17. 1. Şu Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Haryt-çig mal biržalary we birža söwdasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji kararyna we şol karar bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakynda Düzgünnama hem-de «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran 252-nji kararyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (mundan beýläk - Birža) birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylýan daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (mundan beýläk – Şertnamalar, birlik sanda - Şertnama) we olara goşmaça ylalaşyklary bellige almaklygy düzgünleşdirýär.

  18. 2. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) bellige alynmagy üçin bellenen tertipde tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda Şertnamalary bellige almak üçin zerur resminamalaryň sanawlaryna (mundan beýläk - Sanawlar) laýyklykda resminamalar bukjasy Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylýar. Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylmazdan öň, bellige alynmagy üçin hödürleniljek Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) taslamasy Sanawa laýyklykda degişli resminamalar bilen bilelikde ylalaşmak üçin elektron poçtanyň üsti bilen Biržanyň resmi elektron poçtasynyň salgysyna iberilip bilner. Biržanyň resmi elektron poçtasyna gelip gowşan Şertnama (goşmaça ylalaşyk) we onuň resminamalar bukjasy şu Tertibe laýyklykda seljerilýär. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we onuň resminamalar bukjasyny seljermegiň dowamynda ýüze çykarylan kemçilikler düzetmek üçin elektron görnüşde Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we resminamalar bukjasyny iberen şahsyň elektron poçtasyna iberilýär. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) taslamasy ylalaşylandan soň, Şertnama (goşmaça ylalaşyk) bellige alynmagy üçin şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda Biržanyň Hasaba alyş bölümine tabşyrylýar. (TDHÇMB-niň başlygynyň 08.02.2021 seneli, 01.05-01 belgili buýrugy, T-nyň Adalat min-niň 05.02.2021ý.seneli 02-09/565 san bilen bellige alnan).

  19. 3. Resminamalar bukjasyny Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni kabul edip, iş ýöretmek üçin Şertnama (goşmaça ylalaşyga) kabul ediş belgisini belleýär. Döwlet eýeçiligine dahylly ýuridik şahslaryň baglaşan Şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklaryny) bellige almak, diňe şol tarapyň ýüzlenmesi esasynda amala aşyrylýar.

  20. 4. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) bellige almak 5 (bäş) iş gününiň dowamynda amala aşyrylýar. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibe laýyklykda ylalaşmak üçin ýokarda durýan guramalara we gulluklara iberilen döwri bu möhlete girmeýär. Zerurlyk ýüze çykan halatynda şu möhlet degişli müdirligiň ýa-da bölümiň gulluk ýazgysy esasynda Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan 10 (on) iş gününe çenli uzaldylyp bilner.

  21. 5. Kabul edilen Şertnama (goşmaça ylalaşyk) boýunça maglumatlary Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizýär. Şertnama (goşmaça ylalaşyk) döwlet dilinde ýazylmalydyr. Taraplaryň ylalaşygy boýunça döwlet dili bilen birlikde beýleki dilleriň hem ulanylmagyna ýol berilýär. Şertnama (goşmaça ylalaşyga) taraplar gol çekip, öz möhürlerini basmalydyr. Taraplaryň ylalaşygy esasynda dahyllylar bilen dahylsyzlaryň arasynda baglaşylan Şertnamalar (goşmaça ylalaşyklar) (hukuk oruntutarlyk baradaky goşmaça ylalaşyklaryndan başgasy) boýunça dahyllylaryň golunyň we möhüriniň asyl nusgasy bilen birlikde dahylsyzlaryň golunyň we möhüriniň faksimil we/ýa-da skanirlenen görnüşiniň hem ulanylmagyna ýol berilýär. Goşmaça ylalaşyklar (hukuk oruntutarlyk baradaky goşmaça ylalaşyklaryndan başgasy) Biržada öň bellige alnan Şertnamanyň ýazylan dilinde (dillerinde) ýazylmalydyr we nusgalarynyň sanyna laýyklykda düzülmelidir. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal Biržasynda bellige alynýan Şertnama esasynda satyn alynýan we satylýan (alyş-çalyş edilýän) harytlaryň sanawy ýöriteleşmede (şu Tertibe goşundy) görkezilip, Şertnamanyň goşundysy hökmünde tabşyrylýar we onuň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizmek üçin ýöriteleşme elektron göterijide Excel programmasynda ýerine ýetirilen görnüşinde hem tabşyrylýar. Göwrümi bir sahypadan köp bolan Şertnamalar (goşmaça ylalaşyklar) bagjyklanylyp tabşyrylmaly we olaryň arka tarapynda sahypa sany görkezilip, taraplaryň biriniň goly we möhüri bilen tassyklanylmalydyr.

  22. 6. Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizilen Şertnama (goşmaça ylalaşyk) Biržanyň Baha seljeriş we bazary öwreniş bölüminiň garamagyna geçirilýär we şol bölüm tarapyndan Şertnamada görkezilen harytlaryň bahasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy hakynda Düzgünnamanyň bäşinji bölegine laýyklykda seljerme işleri geçirilýär. Seljerme işleri Biržanyň başlygy tarapyndan bellenen tertipde we usullar boýunça geçirilýär. Geçirilen seljerme işleriniň netijesi baradaky maglumatlar (satyjynyň baha baradaky maglumatlary, Biržada öňki bellige alnan Şertnamalarda geçen bahalar, internet ulgamyndan, harytlaryň nyrhlary baradaky neşirlerden alnan bahalar we beýleki maglumatlar) ýerine ýetiriji tarapyndan Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň – bahalar seljerilen ýagdaýynda) bukjasyna çatylýar.

  23. 7. Biržanyň Baha seljeriş we bazary öwreniş bölüminiň hünärmenleri harytlaryň bahalary boýunça geçirilen seljermeleriň netijesini kompýuteriň üsti bilen Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizýär we Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň garamagyna geçirýär.

  24. 8. Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmenleri Şertnama (goşmaça ylalaşyk) babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda seljerme geçirýärler we şu Tertibiň ikinji böleginde göz öňünde tutulan Sanawlara laýyklykda resminamalar bukjasynyň dolulygyny kesgitleýärler hem-de Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) sowatly ýazylyşyna we talaba laýyk düzülişine baha berýärler.

  25. 9. Döwlete dahylly ýuridik şahslaryň bahasy daşary ýurt pulunda kesgitlenen harytlary satyn almak (alyş-çalyş etmek) baradaky şertnamalary (goşmaça ylalaşyklary) we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryndan gelip çykýan şertnamalary (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň hukuk esaslary Biržanyň Hukuk we işgärler müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan hem seljerilýär.

  26. 10. Şertnamalar (hukuk oruntutarlyk baradaky goşmaça ylalaşyklar) bellige alnanda Biržanyň degişli bölümleriniň we müdirlikleriniň hünärmenleri tarapyndan Biržada jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmegiň içerki gözegçilik Kadalarynda bellenen çäreler degişli barlag işlerini geçirmek we maglumatlary talap edip almak arkaly amala aşyrylýar.

  27. 11. Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) we onuň resminamalar bukjasyny seljermegiň dowamynda degişli bölümleriň we müdirlikleriň hünärmenleri tarapyndan ýüze çykarylyp, Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadyna girizilen kemçilikleriň düzedilmegi üçin Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni bellikleri we kemçilikleri ýazmaça görnüşde 2 (iki) nusgada neşir edip, olary düzetmek üçin resminamalar bukjasyny Şertnamany bellige aldyrmak üçin ýüz tutan tarapyň wekiliniň hut özüne, ýazmaça berlen bellikleriň nusgasyna onuň adyny, familiýasyny, kabul eden senesini görkezip, gol çekdirmek arkaly gaýtarýar. Ýazmaça berlen bellikleriň bir nusgasy Biržada galdyrylýar, beýleki nusgasy bolsa gaýtarylan resminamalaryň bukjasyna goşulýar.

  28. 12. Şertnama (goşmaça ylalaşyk) boýunça ýüze çykarylan kemçilikler we edilen bellikler düzedilenden soň, Biržanyň Hasaba alyş bölüminiň hünärmeni tarapyndan resminamalar bukjasy täzeden kabul edilip, Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadynda degişli üýtgetmeler we düzedişler girizilýär hem-de Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) bellige almak şu Tertibiň dördünji böleginde bellenen möhletde amala aşyrylýar.

  29. 13. Seljerilen Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) bellige almak boýunça oňyn netije çykarylandan soň, Biržanyň Baha seljeriş we bazary öwreniş bölümi, Hasaba alyş bölümi we Hukuk we işgärler müdirligi tarapyndan Biržanyň maglumatlarynyň elektron binýadynda degişli bellikler edilýär hem-de resminamalar bukjasy Biržanyň ýolbaşçylarynyň garamagyna berilýär.

  30. 14. Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan Şertnamany bellige almaga rugsat berleninden soň, Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi «Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda çykaran 14074-nji kararynyň ikinji böleginde kesgitlenen möçbere laýyklykda Şertnamanyň taraplaryna degişli birža ýygymyny tölemek üçin hasap-fakturasyny ýazyp berýär. Birža ýygymy hasap-fakturasynyň ýazylyp berlen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda tölenilmelidir. Tölenen birža ýygymlary gaýtarylmaga degişli däldir. Şertnamanyň tarapynyň beren ýazmaça towakganamasy esasynda birža ýygymyny tölemegiň möhleti Biržanyň ýolbaşçylary tarapyndan uzaldylyp bilner. Goşmaça ylalaşyk bellige alnandygy üçin taraplaryň biri Biržanyň başlygynyň buýrugy bilen bellenen möçberde birža ýygymyny töleýär.

  31. 15. Birža ýygymy doly tölenenden soň, Biržanyň degişli wezipeli adamlary tarapyndan wezipe borçlarynyň paýlanyşygyna laýyklykda, Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) bellige alnandygy tassyklanylyp, olaryň her biriniň arka tarapyna gol çekilýär. Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi Şertnamanyň görnüşiniň gysgaldylan belgilenmesini (içeri söwda şertnamasy – ISŞ, import şertnamasy – IMP, eksport şertnamasy – EKS, içerki gurluşyk şertnamasy (potratçy bolup dahyllylar çykyş edende) – IGŞ, gurluşyk şertnamasy (potratçy bolup dahylsyzlar çykyş edende) – GUR, kömekçi potrat şertnamasy – SUB, alyş-çalyş (barter) şertnamasy – BRŞ, emlägi kärendä almak (bermek) şertnamasy – KÄR, enjamy abatlamak şertnamasy – ABT, lizing şertnamasy – LIZ, tolling şertnamasy – TOL, hyzmat etmek, işleri ýerine ýetirmek baradaky şertnama – HZM) we bellige alyş belgisini Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) arka tarapyna belläp, möhür bilen tassyklaýar. Birža ýygymlary 30 (otuz) iş gününiň dowamynda tölenilmedik ýagdaýynda, Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölümi bu barada Biržanyň başlygyna ýazmaça habar berýär hem-de Biržanyň elektron maglumatlar binýadynda degişli bellik edip, bellige alynmadyk Şertnamany (goşmaça ylalaşygy) ony bellige aldyrmak üçin ýüz tutan tarapyň wekiliniň hut özüne, ýörite kitapça onuň adyny, familiýasyny we wezipesini görkezmek bilen bellik edip yzyna gaýtarýar.

  32. 16. Bellige alnan Şertnama (goşmaça ylalaşyk) Biržanyň Özara hasaplaşyklar bölüminiň hünärmeni tarapyndan (wezipe borçlaryna laýyklykda) Şertnamany bellige aldyrmak üçin ýüz tutan tarapyň wekiliniň hut özüne berilýär we bu barada onuň adyny, familiýasyny we wezipesini görkezmek bilen ýörite kitapça bellik edilýär. Şertnamanyň (goşmaça ylalaşygyň) bir nusgasy resminamalar bukjasy bilen bilelikde Biržanyň arhiwine saklamak üçin tabşyrylýar. Birža söwdasyna gatnaşmazdan baglaşylan, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda bellige alynmaga degişli daşary söwda we içeri söwda şertnamalaryny (goşmaça ylalaşyklary) bellige almagyň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk ýerini satyn almagyň Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal Biržasynda bellige alynýan şertnama esasynda satyn alynýan we satylýan (alyş-çalyş edilýän) harytlaryň sanawynyň ýöriteleşmesi Tertip Harydyň ady Öndürilen ýurdy Ölçeg birligi Möçberi Birligiň bahasy Umumy bahasy belgisi Harydyn doly ady, Baha emele getirilmegine Ölçeg birlikleri Sanlaryň arasynda Sanlaryň arasynda Umumy baha ölçegleri, modeli, gaby, täsir edýän faktordygy kadalaşdyryjy boş ýer goýmazdan, boş ýer goýmazdan, formula namalarda bellenen ülüş sany iki belgiden ülüş sany iki belgiden esasynda öndürilen ýyly sebäpli, diňe bir öndüriji degişli görnüşde köре bölmezden köре bölmezden hasaplanylyp görkezilmeli ýurduň ady görkezilmeli görkezilmeli görkezmeli görkezmeli görkezilmeli Bellik: bu maglumatlaryň ýöriteleşmede bolmagy hökmanydyr, beýleki maglumatlar taraplara zerur bolan halatynda görkezilýär. (Excel programmasynda ýazylyp, elektron göteriji enjamda ýerleşdirilmeli)

Order of the Chairman of the State Commodity and Raw Materials Exchange No. 01/05-13 validating the Regulation on registration of foreign and domestic trade agreements (additional agreements) subject to registration on the commodity exchange · Nelum