Order No. 8 of the Ministry of Justice of Turkmenistan validating the List and content of documents submitted to the Service for State Registration of Rights to Real Estate and Related Transactions under the Ministry of Justice, the procedure and terms for their submission, and the requirements for the types of such documents
颁布于 2016-01-12 · 文本截至 2026-10-01
以研究形式发布的公开法律与官方指引,不构成法律、税务或金融建议。
研究内容本身以英文撰写。标题和标签已翻译,调查结果和引文未翻译。
关于这部法律
- 原标题
- Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran 8 ÖB belgili B U Ý R U G Y Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga iberilýän resminamalaryň sanawyny we mazmunyny, olary ibermegiň tertibini we möhletlerini, şeýle resminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplary tassyklamak hakynda.
- 语言
- Turkmen
- 类型
- 条例
- 国家
- 土库曼斯坦
- 主题
- Land and soil
- 关键词
- land tenure, cadastre/land registration, ownership, property rights, contracts, data collection/reporting, access-to-information, enforcement/compliance
在哪里阅读
文本
所收录的法律原文,按条款排列。每个条款都有自己的链接。
Document Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran 8 ÖB belgili B U Ý R U G Y Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga iberilýän resminamalaryň sanawyny we mazmunyny, olary ibermegiň tertibini we möhletlerini, şeýle resminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplary tassyklamak hakynda (Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndysy, 2019 ý., № 1 (28), 55-nji sahypa) “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen hem- de “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508-nji kararyna laýyklykda, buýurýaryn: 1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga iberilýän resminamalaryň sanawy we mazmuny, olary ibermegiň tertibi we möhletleri, şeýleresminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplary tassyklamaly (goşulýar). 2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine ministriň orunbasary, Gullugyň Baş döwlet bellige alyjysy we Gullugyň müdirlikleriniň ýolbaşçylary gözegçilik etmeli. Ministr B.Muhamedow Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2016-njy ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran8 ÖB belgili buýrugy bilen tassyklanyldy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga iberilýän resminamalaryň sanawy we mazmuny, olary ibermegiň tertibi we möhletleri, şeýle resminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplar (Türkmenistanyň Adalat ministriniň 2020-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda çykaran 2-iş belgili buýrugy esasynda girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 6-njy fewralynda 1301 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan) 1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga iberilýän resminamalaryň sanawy we mazmuny, olary ibermegiň tertibi we möhletleri, şeýle resminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplar (mundan beýläk – Talaplar) “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alnyş ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran 14232-nji kararyny, “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508-nji kararynyýerine ýetirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluga (mundan beýläk – Gulluk), welaýatlardaky we welaýat hukukly şäherlerdäkiGullugyň müdirliklerine (mundan beýläk - Gullugyň müdirlikleri) hem-deşäherlerdäki we etraplardakyGullugyň ýerli edaralaryna(mundan beýläk - Gullugyň ýerli edaralary) iberilýän resminamalaryň sanawyny we mazmunyny, olary ibermegiň tertibini we möhletlerini, şeýle resminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplarykesgitleýär. 2. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet sanawy (mundan beýläk – Döwlet sanawy) - bar bolan we bes edilen hukuklar we hukuklaryň borçlanmalary, şeýle hem hukuklary Gullugyň ýerli edaralary tarapyndan bellige alyş kitaplarynda bellige alnan hukuk eýeleri hakynda maglumatlar binýady bolup durýar. Döwlet sanawy her bir gozgalmaýan emlägiň anyk obýekti barada, onuň kadastr, inwentar tertip belgisini, bu obýekte bolan eýeçilik we beýleki emläk hukuklar barada, hukuk eýesi barada, hukuklaryň borçlanmalary we bu obýekt bilen baglygeleşikler barada, amala aşyrylan bellige alyş hereketler barada we beýleki ýazgylar barada maglumatlary özünde jemleýär. 3. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary (mundan beýläk bilelikde ulanylanda – Hasaba alyjy edaralar) gozgalmaýan emlägiň obýektlerini hasaba almagy amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar. Bu Hasaba alyjy edaralar 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýygnalan degişli maglumatlar bilen Gullugy, Gullugyň müdirliklerini we Gullugyň ýerli edaralaryny üpjün etmeli, soňra bolsa maglumatlar bilen yzygiderli (şol sanda girizilýän üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) üpjün etmegi dowam etmelidir. 4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň degişli edaralary Döwlet sanawyny alyp barmak üçin ýer bölegi barada şu maglumatlary 1- nji goşunda laýyklykda iberýär: 1) ýazgynyň tertip belgisi; 2) ýer böleginden peýdalanyjynyň (şol sanda kärendeçiniň) we ýer eýesiniň ady, şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň rekwizitleri; 3) ýer böleginiň kadastr tertip belgisi; 4) ýazgynyň geçirilen senesi; 5) ýer böleginden peýdalanmagyň görnüşleri (eýeçilige, peýdalanmaga, kärendä); 6) ýer bölegi haýsy möhlete berlen; 7) niýetlenen maksady; 8) ýer böleginiň ýerleşýän ýeri (Geňeşlikler, ilatly ýerler, salgysy we ş.m.); 9) ýer böleginiň umumy meýdany, gektarda (metr kwadratda); 10) ýer bölegine bolan hukugyň borçlanmasynyň görnüşi(ýüze çykmagynyň hukuk esasyny görkezmeli): ýer böleginiň üç ýyldan köp möhlet bilen kärende (kireý) hukugy, serwitutlar; kazyýet edaralarynyň çözgütlerinden gelip çykýan hukuklar,Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklaryň borçlanmalary; 11) ýer bölegine hukugy kepillendirýän resminamalar (ady, belgisi we senesi); 12) bellik. Şu bölümde görkezilen maglumatlar şol gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilýär. Şu bölümde görkezilen ýer bölegi bilen bagly maglumatlara üýtgetmeleriň we/ýa-da goşmaçalaryň girizilen ýagdaýynda, olar 10 (on) senenama gününiň dowamynda Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilmäge degişlidir. 5. Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy, ýere kärende hukugy baradaky daýhan birleşiklerinde we beýleki oba hojalyk kärhanalarynda ýöredilýän ýer kadastr kitabynyň, etraplaryň (şäherleriň) döwlet ýer kadastr kitabynyň, welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) döwlet ýer kadastrynyň, Türkmenistanyň döwlet ýer kadastrynyň maglumatlary Döwlet sanawyny alyp barmak üçin zerur bolup durýar. Daýhan birleşiklerinde we beýleki oba hojalyk kärhanalarynda ýöredilýän ýer kadastr kitabynyň, etraplaryň (şäherleriň) döwlet ýer kadastr kitabynyň maglumatlary Gullugyň degişli ýerli edarasyna, welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) döwlet ýer kadastrynyň maglumatlary Gullugyň degişli müdirligine, Türkmenistanyň döwlet ýer kadastrynyň maglumatlary Gullugaiberilmäge degişlidir. 6. Döwlet sanawyny talaba laýyk alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti (ýer serişdeleri gullugy) tarapyndan ýöredilýän ýer böleginiň kadastr tertip belgileri bilen belgilenen ýer kadastr kartalary degişlilikde Gulluga, Gullugyň müdirligine we Gullugyň ýerli edaralaryna peýdalanmak üçin iberilýär. 7. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Tehniki tükelleýiş edaralary Döwlet sanawyny alyp barmak üçin ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlar, binalar, desgalar, emläk toplumlary hökmündäki kärhanalar we gozgalmaýan emlägiň başga obýektleri (mundan beýläk – obýekt) barada şu maglumatlary 2-nji goşunda laýyklykda iberýär: 1) ýazgynyň tertip belgisi; obýektiň ýerleşýän ýeribarada maglumat: 2) ýerden peýdalanyjy (ilkinji we soňky peýdalanyjyny goşup, iň soňkyny görkezmeli); 3) ýeriň kadastr tertip belgisi; 4) ýerden peýdalanmagyň görnüşleri; 5) ýer haýsy möhlete berlen; 6) niýetlenen maksady; 7) ýer böleginiň ýerleşýän ýeri ( salgysy); 8) ýer böleginiň umumy meýdany, gektarda (metr kwadratda); 9) ýerböleginehukugykepillendirýänresminamalar (ady, belgisi we senesi); 10) obýektiň inwentar tertip belgisi; 11) obýektiň salgysy (ýerleşýän ýeri); 12) obýektiň ady, niýetlenilişi; obýektiň meýdany: 13) umumy; 14) ýaşaýyş; 15) peýdaly; obýektiň gatlygy: 16)ýer üstigatlygy; 17) ýerasty gatlygy; 18) otag sany; 19) obýektiň düzümi; 20) obýektiň bahasy; 21) obýekte bolan hukugyň görnüşi (eýeçilik hukugy; hojalygy ýörediş hukugy; operatiw dolandyryş hukugy;ynançly dolandyrmak hukugy; döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän hukuklar; Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklar), hukugy belleýän resminamalary(ady, belgisi we senesi); 22) Obýektiň eýesi barada maglumat: ady, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy (ady, rekwizitleri), (obýektiň öňki eýelerini hem görkezmeli) 23) Obýekte bolan hukugyň borçlanmasynyň görnüşi (ýüze çykmagynyň hukuk esasyny görkezmeli): binanyň, desganyň, üzňeleşdirilen jaýyň üç ýyldan köp möhlet bilen kärende (kireý) hukugy; ipotekadan ýüze çykýan hukuklar; serwitutlar; döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän borçlanmalar; kazyýet edaralarynyň çözgütlerinden gelip çykýan hukuklar; Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklaryň borçlanmalary. 24) bellik. Şu bölümde görkezilen maglumatlar şol gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýerindäki Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilýär. Şu bölümde görkezilen obýektler bilen bagly maglumatlara üýtgetmeleriň we/ýa-da goşmaçalaryň girizilen ýagdaýynda, olar 10 (on)senenama gününiň dowamynda Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilmäge degişlidir. Şeýle hem, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň Tehniki tükelleýiş edaralary gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň gozgamasyz edilmegi hakynda 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýygnalan zerur bolan maglumatlar bilen Gullugyň degişli ýerli edaralaryny üpjün etmeli. 8. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Döwlet sanawy alyp barmak üçin Gulluga döwletiň gozgalmaýan emlägi (mundan beýläk – emläk) barada şu maglumatlary 3-nji goşunda laýyklykda iberýär: 1) ýazgynyň tertip belgisi; 2) gozgalmaýan emlägiň ady, düzümi we niýetlenişi; 3) inwentar belgisi; 4) Edara görnüşli tarapa berkidilen ýer bölegi (ga); 5) gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri, salgysy; 6) Edara görnüşli tarapyň ýeke-täk döwlet sanawynda hasaba alyş belgisi we senesi; gozgalmaýan emlägiň gatlygy: 7) ýer üsti gatlygy; 8) ýer asty gatlygy; 9) ulanylmaga berilen ýyly; 10) gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeriniň kadastr tertip belgisi; 11) gozgalmaýan emlägiň tutýan meýdany (inedördül metr); 12) gozgalmaýan emläge hukuk belleýän resminamalar; gozgalmaýan emläkleriň bahasy (müň manatda): 13) başlangyç bahasy; 14) galyndy bahasy; 15) gozgalmaýan emläge bolan hukuklar, hukuklaryň borçlanmalary; 16) Tehniki häsiýetnamasy (ýagdaýy); Kärende görnüşinde ulanylýan bolsa: 17) kärendeçiniň ady (fiziki we ýuridik tarap); 18) kärende şertnamanyň möhleti; 19) kärende şertnamanyň baglaşylan senesi we belgisi; 20) kärendede ulanyş maksady; 21) kärendä berilen meýdany (inedördül metr); 22) bellik. Emläk bilen bagly maglumatlara üýtgetmeleriň we/ýa-da goşmaçalaryň girizilen ýagdaýynda, olar 10 (on) senenama gününiň dowamynda Gulluga iberilmäge degişlidir. Şeýle hem, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan ýöredilýän edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk Döwlet sanawyndan maglumatlar Döwlet sanawyny alyp barmak üçin Gulluga iberilýär. Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň we/ýa-da goşmaçalaryň girizilen ýagdaýyna, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan bu üýtgetmeler/goşmaçalar Döwlet sanawyny talaba laýyk alyp barmak üçin Gulluga 10 (on) senenama gününiň dowamynda iberilmäge degişlidir. 9. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan Döwlet sanawyny alyp barmak üçin gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň salgylary (öňki we soňky) barada maglumatlary 4- nji goşunda laýyklykda Gullugyň degişli müdirligine we ýerli edaralaryna iberilmäge degişlidir. 10. Hasaba alyjy edaralar şu aşakdakylar babatda çözgütleri kabul eden halatlarynda maglumatlaryň Döwlet sanawyna girizilmegi üçin resminamalary Gullugyň degişli ýerli edarasyna ibermäge borçludyrlar: 1) administratiw-çäk birlikleriniň we ilatly nokatlaryň araçäkleriniň bellenilmegi ýa-da üýtgedilmegi hakynda; 2)gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň salgylarynyň dakylmagy hakynda ýa-da şeýle salgylaryň üýtgedilmegi hakynda; 3) gozgalmaýan emlägiň obýektini ulanyşa girizmek üçin rugsadyň berilmegi hakynda; 4) ýaşaýyş jaýynyň ýaşalmaýan jaýa, ýaşalmaýan jaýyň ýaşalýan jaýyna geçirilmegi hakynda. Administratiw-çäk birlikleriniň we ilatly nokatlaryň araçäkleriniň bellenilmegi ýa-da üýtgedilmegi hakynda Gullugyň degişli ýerli edarasyna ygtyýarly edaralar tarapyndan kabul edilýän namasyndaky maglumatlary özünde saklaýan resminamany 10 (on) senenama gününiň dowamynda iberilýär. Gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň salgylarynyň dakylmagy hakynda ýa-da şeýle salgylaryň üýtgedilmegi hakynda çözgüt kabul edilende ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan Gullugyň degişli ýerli edarasyna salgylarynyň dakylmagy hakynda ýa-da şeýle salgylaryň üýtgedilmegi hakynda kabul edilen çözgütdäki maglumatlary özünde saklaýan resminamany (bolan ýagdaýynda gozgalmaýan emlägiň obýektiniň kadastr, inwentar tertip belgisini görkezmek bilen) 10 (on) senenama gününiň dowamynda iberilýär. Gozgalmaýan emlägiň obýektini ulanyşa girizmek üçin rugsadyň berilmegi hakynda Gullugyň degişli ýerli edarasyna gozgalmaýan emlägiň obýektini ulanyşa girizmek üçin rugsady beren degişli ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralar tarapyndan kabul edilen çözgütdäki maglumatlary özünde saklaýan resminamany 10 (on) senenama gününiň dowamynda iberilýär. Ýaşaýyş jaýyny ýaşalmaýan jaýa ýa-da ýaşalmaýan jaýy ýaşaýyş jaýyna geçirmek hakynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary ýa-da Geňeşler tarapyndan Gullugyň degişli ýerli edarasyna ýaşaýyş jaýyny ýaşalmaýan jaýa ýa-da ýaşalmaýan jaýy ýaşaýyş jaýyna geçirmek hakynda kabul edilen karardaky maglumatlary özünde saklaýan resminamany (bolan ýagdaýynda gozgalmaýan emlägiň obýektiniň kadastr, inwentar tertip belgisini hem-de geçirilmegi amala aşyrylýan jaýyň niýetlenişini görkezmek bilen), jaýy gaýtadan enjamlaşdyrmak ýa-da onuň meýilleşdirilişini üýtgetmek ýa-da ony ýaşaýyş jaýy ýa-da ýaşalmaýan jaý hökmünde peýdalanmak üçin başga geçirilen zerur işleriň tamamlanandygyny tassyklaýan kabul ediş toparynyň delilnamasynda bolan maglumatlary özünde saklaýan resminamany 10 (on) senenama gününiň dowamynda iberilýär. 11. Hasaba alyjy edaralary özleri tarapyndan gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň hasaba alynmagy, şeýle hem gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmasynyň ýüze çykmagy, üýtgemegi we (ýa-da) bes edilmegi bilen baglanyşykly başga çözgütler hem kabul edilen halatlarynda maglumatlaryň Döwlet sanawyna girizilmegi üçin resminamalary ibermäge borçludyrlar. 12. Gozgalmaýan emlägiň obýektlerini Hasaba alyjy edaralar tarapyndan şu Talaplaryň 10- njy bölüminde görkezilen çözgütler kabul edilen halatlarynda, olar tarapyndan iberilýän maglumatlar Döwlet sanawyna girizilmelidir. Eger-de, iberilen resminamalardaky maglumatlar, şeýle resminamalaryň görnüşlerine bildirilýän talaplara we mazmunyna laýyk gelmeýänligi sebäpli, Gullugyň ýerli edarasy tarapyndan Döwlet sanawyna girizilmegi mümkin bolmasa, Gullugyň ýerli edarasy resminamalar gelip gowşan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň dowamynda şu resminamalary iberen degişli döwlet edarasyna resminamalardaky bolan maglumatlaryň anyklanylmagy barada ýüzlenmelidirler. Bu ýüzlenmede goýlan mesele boýunça degişli döwlet edarasy 3 (üç) iş gününiň dowamynda jogap bermelidir. 13. Ýöriteleşdirilen kadastrlaryň (sanawlaryň) ýöredilmegini amala aşyrýan edaralar olara gozgalmaýan emlägiň obýektleri hakynda üýtgetmeleri girizen gününden başlap 10 (on) senenama gününiň dowamynda Gulluga degişli maglumatlaryň Döwlet sanawyna girizilmegi üçin zerur resminamalary iberýärler. 14. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet sanawy alyp barmak üçin paýly gurluşyk barada şu maglumatlary 5-nji goşunda laýyklykda iberýär: 1) ýazgynyň tertip belgisi; obýektiň ýerleşýän ýeri barada maglumat: 2) ýer bölegini peýdalanyjynyň ady (hukuk belleýän resminama esasynda); 3) ýeriň kadastr tertip belgisi; 4) ýeriň niýetlenen maksady; 5) ýer böleginiň ýerleşýän ýeri (salgysy); 6) ýer böleginiň umumy meýdany, gektarda (metr kwadratda); 7) ýer bölegine hukugy belleýän resminamalar (ady, belgisi we senesi); 8) paýly gurluşyga gatnaşmagyň bellige alnan şertnamasynyň belgisi we senesi; 9) paýly gurluşygyň obýektiniň ady; 10) paýly gurluşygyň obýektiniň salgysy; 11) paýly gurluşygyň obýektiniň bahasy; 12) paýly gurluşygyň obýektiniň umumy meýdany; 13) paýlaryň bölünişi barada maglumat, paýça düşýän umumy meýdany; 14) paýly gurluşyga başlanýan we tamamlanýan senesi; Taraplar barada maglumat: 15) Gurujy (ady, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy); 16) Paýçy (ady, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy); 17) paýly gurluşygyň hukuk belleýän resminamalary; 18) bellik. Şu bölümde görkezilen maglumatlar Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilýär. Şu bölümde görkezilen maglumatlara üýtgetmeleriň we/ýa-da goşmaçalaryň girizilen ýagdaýynda, olar 10(on)senenama gününiň dowamynda Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilmäge degişlidir. 15. Döwlet sanawyny alyp barmak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýöredilýän Türkmenistanyň edara ediş ýerli birlikleriniň döwlet klassifikatorynyň we dolandyryş edaralarynyň belgileýiş ulgamynyň maglumatlary Gulluga iberilýär. Türkmenistanyň edara ediş ýerli birlikleriniň döwlet klassifikatoryna we dolandyryş edaralarynyň belgileýiş ulgamyna dolandyryş-çäk birlikleri, olaryň kodlary bilen bagly üýtgetmeleriň we/ýa-da goşmaçalaryň girizilen ýagdaýyna Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan bu klassifikator (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen) Döwlet sanawyny talaba laýyk alyp barmak üçin Gulluga 10 (on)senenama gününiň dowamynda iberilmäge degişlidir. 16. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan ýöredilýän Döwlet sanawyny alyp barmak üçin şahsy taraplaryňsalgylary barada maglumat 6-njy goşunda laýyklykda Gulluga, Gullugyň müdirligine, Gullugyň ýerli edarasyna sargyt esasynda iberilýär. Şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan maglumatlar fiziki şahslaryň salgylary barada maglumatlary soramak zerurlygy ýüze çykan halatynda sargyt edilýär. Bu sargyt şu Talaplaryň on sekizinji, on dokuzynjy böleklerinde görkezilen tertipden başga-da, sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen amala aşyrylyp bilner. Sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen sargyt etmek döwlet bellige alyjylary tarapyndan gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň bellige alynmagy babatda arza bilen ýüz tutulan güni sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen bellenen tertipde sargyt edilýär. 17. Eger-de Döwlet sanawyny alyp barmak üçin ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahsda degişli maglumaty ýok bolsa ýa-da ýeterlik bolmasa, Gullugyň degişli ýerli edarasy bu maglumatlar bolmaly Türkmenistanyň degişli döwlet edaralaryndan özi sorap alyp biler. Bu döwlet edaralary Gullugyň degişli ýerli edarasynyň degişli hatyny alanyndan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda görkezilen gozgalmaýan emläk barada zerur bolan maglumatlary bermäge borçludyr. Eger-de, bu maglumatlar degişli döwlet edarada ýok bolsa, bu edara şol maglumatlary toplamak üçin degişli işleri geçirip, maglumatlary 10 (on) iş günüň dowamynda maglumatlary soran Gullugyň degişli ýerli edarasyna ibermäge borçludyr. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň bellige alynmagy babatda arza bilen ýüz tutulanda, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 2-nji maýynda çykaran 14232-nji karary bilen tassyklanan, Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alnyş ulgamyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň 2015-2020- nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna laýyklykda tehniki tükelleýişiň geçirilendigi barada maglumatlary bolmadyk ýagdaýynda (soňra bolsa bellenilen möhletde tehniki tükelleýişiň geçirilendigi barada maglumatlary bolmadyk ýagdaýynda), döwlet bellige alyjysy tarapyndan gozgalmaýan emlägiň obýektiniň barlygyny, ýerleşýän ýerini, düzümini, meýdanyny we gozgalmaýan emlägiň obýektiniň beýleki häsiýetnamalaryny anyklamak (takyklamak) maksady bilen, gozgalmaýan emlägiň tehniki tükellenmeginiň geçirilmegi ýa- da häsiýetnamalarynyň barlagynyň geçirilmegi bellenilýär. Gozgalmaýan emlägiň tehniki tükellenmegini geçirýän ýa-da häsiýetnamalarynyň barlagyny geçirýän degişli döwlet edaralary Gullugyň ýerli edarasynyň degişli hatyny alanyndan haýal etmän, degişli işleri geçirip, hatda goýlan mesele boýunça 10 (on) iş gününde jogap bermelidir. 18. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Gullugyň, müdirlikleriniň, ýerli edaralarynyň, maglumatlary iberýän beýleki döwlet edaralaryň arasynda maglumatlar ýeke-täk awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar ulgamynyň üstü bilen alşylýar. 19. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Gullugyň, Gullugyň müdirlikleriniň, Gullugyň ýerli edaralarynyň, maglumatlary iberýän beýleki döwlet edaralaryň arasynda ýeke-täk awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar ulgamy döredilip işe girizilýänçä, şeýle hem girizilenden soň käbir sebäplere görä awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar ulgamyň üsti bilen resminamalary we maglumatlary alyşmak mümkin bolmadyk halatynda, degişli resminamalary we maglumatlary alyşmak kagyz we elektron göterijilerde ibermek arkaly amala aşyrylýar. 20. Resminamalar (maglumatlar) iberilende olary taýýarlamaga, kabul etmäge we olar bilen işlemäge gatnaşmaýan şahslar tarapyndan gatyşylmagynyň öňüni almagy degişli edaralar tarapyndan üpjün edilmelidir. 21. Degişli döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Adalat ministrligine, Gullugyň, Gullugyň müdirliklerine, Gullugyň ýerli edaralaryna resminamalary we maglumatlary ibermek muzdsuz tertipde amala aşyrylýar.