跳到主要内容
Nelum
土库曼斯坦的法律

Law No. 334-VI “On the Prevention and Elimination of Emergency Situations”

颁布于 2021-03-13 · 文本截至 2026-10-01

以研究形式发布的公开法律与官方指引,不构成法律、税务或金融建议。

研究内容本身以英文撰写。标题和标签已翻译,调查结果和引文未翻译。

关于这部法律

原标题
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda.
语言
Turkmen
类型
法令
国家
土库曼斯坦
主题
General
关键词
basic legislation, hazards, risk assessment/management, data collection/reporting, access-to-information, local government, enforcement/compliance

在哪里阅读

文本

所收录的法律原文,按条款排列。每个条款都有自己的链接。

  1. 1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamy döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ygtyýarlyklaryna adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça meseleleri çözmeklik degişli edilen kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň güýçlerini we serişdelerini jemleýär.

  2. 2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň düzümi we işiniň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan Düzgünnama bilen kesgitlenilýär. 7-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi üçin döredilýän heläkçilik-halas ediş toparlary

  3. 1. Heläkçilik-halas ediş toparlary adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak, ilatyň gündelik ýaşaýyş-durmuşynda, önümçilikde we ýol-ulag hadysalarynyň, ýangynlaryň, potensial taýdan howply desgalardaky betbagtçylyklaryň netijesinde emele gelen adatdan daşary ýagdaýlaryň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak işlerini geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.

  4. 2. Dörän adatdan daşary ýagdaýlarda we emele gelen betbagtçylyklarda gözleg- halas ediş işlerini alyp barmagyň tertibi halas ediş işleri babatda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

  5. 3. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi üçin döredilýän heläkçilik-halas ediş toparlarynda harby gullugy geçýän halas edijileri ätiýaçlandyrmak «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar. 8-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak Adatdan daşary ýagdaýlary çaklamak adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamyna girýän degişli döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 9-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň zolaklarynyň araçäklerini kesgitlemek we ilaty habardar etmek Adatdan daşary ýagdaýlaryň zolaklarynyň araçäklerini kesgitlemegiň tertibi we ilaty habardar etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. 10-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek töwekgelçiligini peseltmek maksady bilen amala aşyrylýan gorag çäreleri Adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek töwekgelçiligini mümkin boldugyça aňrybaş derejede peseltmek maksady bilen, aşakdaky gorag çäreleri amala aşyrylýar: 1) binalaryň hem-de desgalaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyny güýçlendirmek; 2) gidrotehniki ulgamlaryň we desgalaryň durnuklylygyny üpjün etmek; 3) aragatnaşyk, energiýa üpjünçiligi, ulag we beýleki kommunikasiýa ulgamlaryny ulanmagyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny üpjün etmek üçin olary kämilleşdirmek; 4) howply tebigy hadysalaryň, ýangynlaryň, epidemiýalaryň, epizootiýalaryň, epifitotiýalaryň we ösümlikleriň zyýankeşleriniň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça işleri öz wagtynda geçirmek; 5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki çäreler. 11-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maglumat we onuň aýanlygy

  6. 1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky maglumat çaklanylýan ýa-da dörän adatdan daşary ýagdaýlar, olaryň netijeleri, şeýle hem degişli çäklerdäki radiasiýa, himiýa, lukmançylyk-biologik, partlama, ýangyn we ekologiýa howpsuzlygy baradaky maglumatlary özünde jemleýär.

  7. 2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky maglumatlar hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň bu çygyrdaky işi açyk we aýan bolup durýar.

  8. 3. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly, şol sanda adamlaryň köpçülikleýin toplanýan ýerlerinde ilaty habardar etmegiň we maglumatlary ýetirmegiň ýöriteleşdirilen tehniki serişdelerini ulanmak bilen we beýleki kanallar boýunça ilatyň we çäkleriň adatdan daşary ýagdaýlardan goralmagynyň ýagdaýy we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler, çaklanylýan we dörän adatdan daşary ýagdaýlar, ilaty olardan goramagyň tärleri we usullary barada maglumatlary ilata dessin we takyk ýetirmäge borçludyrlar.

  9. 4. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygryndaky maglumatlaryň gizlenmegi, öz wagtynda berilmezligi ýa-da görnetin ýalan maglumatlaryň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

  10. 5. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilaty, döwlet häkimiýet edaralaryny, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, edaralary we guramalary maglumat bilen üpjün etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. II BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA DÖWLET EDARALARYNYŇ WE ÝERLI ÖZ-ÖZÜŇI DOLANDYRYŞ EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY 12-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda bitewi döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär, ony durmuşa geçirmegiň strategik we taktiki çärelerini işläp taýýarlaýar; 2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Prezidentiniň tassyklamagyna hödürleýär; 3) şu Kanunyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar we gözegçilik edýär; 4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edaralary kesgitleýär; 5) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ylmy we tehnikany, esasy ylmy barlaglary hem-de işläp taýýarlamalary ösdürmek boýunça işiň utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar; 6) adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek üçin niýetlenen ätiýaçlyk serişdelerini döretmegiň, saklamagyň, peýdalanmagyň we öwezini dolmagyň tertibini kesgitleýär; 7) Türkmenistanyň çägine getirilýän, ondan alnyp gidilýän we üstaşyr geçirilýän güýçli täsir ediji we partlaýjy maddalary, partladyjy serişdeleri, himikatlary, radiasiýa howply ýükleri, radioaktiw maddalary we olaryň çeşmelerini daşamagyň, saklamagyň hem-de ulanmagyň tertibini belleýär; 8) adatdan daşary ýagdaýlaryň toparlara bölünmesini belleýär; 9) adatdan daşary ýagdaýlardan ejir çeken raýatlara birwagtlaýyn maddy we maliýe kömegini bermek boýunça çözgüt kabul edýär; 10) döwlet häkimiýet edaralarynyň güýçlerini we serişdelerini adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin çekmegiň tertibini kesgitleýär. 13-nji madda. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň ygtyýarlyklary

  11. 1. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary: 1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar; 2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan çözgütleri kabul edýär; 3) adatdan daşary ýagdaý şertlerinde döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar; 4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen onuň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

  12. 2. Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary hakynda Düzgünnama we onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar. 14-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary

  13. 1. Döwlet häkimiýet edaralary: 1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýarlar; 2) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek maksady bilen, zerur güýçleriň we serişdeleriň taýýarlanylmagyny we taýýar ýagdaýda saklanylmagyny amala aşyrýarlar; 3) adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abananda esasy hereketleri we olar dörände goranyş usullaryny tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerine öwredilmegini guraýarlar; 4) adatdan daşary ýagdaýlarda ewakuasiýa (göçüriş) çäreleriniň geçirilmegini üpjün edýärler; 5) adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini guraýarlar; 6) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maliýeleşdirmegi amala aşyrýarlar; 7) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlygyny döredýärler; 8) adatdan daşary ýagdaýlarda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işleýşiniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmäge ýardam edýärler; 9) heläkçilik-halas ediş toparlaryny aragatnaşygyň tehniki serişdeleri arkaly çagyryş ulgamynyň döredilmegini we işlemegini üpjün edýärler; 10) adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýa-da döremek howpy abananda ilaty habardar etmegiň ulgamyny döredýärler we onuň hemişe taýýar ýagdaýda saklanylmagyny üpjün edýärler; 11) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maglumatlaryň toplanylmagyny we olaryň alşylmagyny amala aşyrýarlar, şol sanda adatdan daşary ýagdaýlar dörände ýa-da döremek howpy abananda ilaty habardar etmegiň toplumlaýyn ulgamyny ulanmak arkaly döremek howpy abanýan ýa-da dörän adatdan daşary ýagdaýlar barada ilatyň öz wagtynda habardar edilmegini üpjün edýärler; 12) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar; 13) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.

  14. 2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) ilaty adatdan daşary ýagdaýlardan goramak üçin zerur güýçleri we serişdeleri döredýärler we taýýar ýagdaýda saklaýarlar; 2) adatdan daşary ýagdaýlardan goramak çygrynda ilaty taýýarlamagy amala aşyrýarlar; 3) adatdan daşary ýagdaýlarda ewakuasiýa (göçüriş) çäreleriniň geçirilmegini guraýarlar we amala aşyrýarlar; 4) adatdan daşary ýagdaýlar baradaky maglumatlaryň ilata ýetirilmegini amala aşyrýarlar; 5) adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini guraýarlar hem-de özleriniň güýçleriniň we serişdeleriniň ýetmezçilik eden halatynda döwlet häkimiýet edaralaryna ýüz tutýarlar; 6) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça meýilnamalary işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar. III BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI 15-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edaralar Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini utgaşdyrmagy amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bu çygyrda ygtyýarly edaralary kesgitleýär we olara degişli kadalaýyn düzgünleşdirmegi, şeýle hem ýörite rugsat berijilik, barlag we gözegçilik wezipelerini amala aşyrmagy ýükleýär. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edaralaryň bellenilen tertipde döredilýän özüniň edara tabynlygyndaky düzüm birlikleri bolup biler. 16-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet häkimiýet edaralarynyň amala aşyrýan işleri

  15. 1. Döwlet häkimiýet edaralary: 1) adatdan daşary ýagdaýlarda tabynlygyndaky kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işleýiş durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen guramaçylyk we inžener-tehniki çäreleri işläp taýýarlaýarlar we amala aşyrýarlar; 2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, önümçiligiň howpsuzlyk düzgünlerini we kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlardan goramagyň düzgünlerini işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar; 3) radiasiýa, himiýa, lukmançylyk-biologik, partlama, ýangyn we ekologiýa howpsuzlygynyň berkidilmegi boýunça çäreleriň işlenilip taýýarlanylmagyny we durmuşa geçirilmegini, şeýle hem önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň taslamalaşdyrylmagynda, gurluşygynda we ulanylyşynda raýat goranyşynyň inžener-tehniki çäreleriniň kadalarynyň we düzgünleriniň berjaý edilmegini üpjün edýärler; 4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we adatdan daşary ýagdaýlarda heläkçilik-halas ediş hem-de beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek boýunça çäreleriň geçirilmegini üpjün edýärler we maliýeleşdirýärler; 5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda beýleki işleri amala aşyrýarlar.

  16. 2. Döwlet häkimiýet edaralary ýörite taýýarlygy geçen halas edijilerden durýan güýçleri, şeýle hem serişdeleri adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek üçin ulanýarlar. Adatdan daşary ýagdaýlar dörände döwlet häkimiýet edaralary adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça hereketleriň meýilnamasyna laýyklykda güýçleriň we serişdeleriň çekilmegini üpjün edýärler. 17-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň borçlary Kärhanalar, edaralar we guramalar şu aşakdakylara borçludyrlar: 1) işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça zerur çäreleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga; 2) adatdan daşary ýagdaýlarda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň işleýiş durnuklylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleri meýilleşdirmäge we geçirmäge; 3) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek üçin güýçleriň we serişdeleriň döredilmegini, taýýarlanylmagyny we ulanmaga taýýar ýagdaýda saklanylmagyny üpjün etmäge; 4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda işgärleriniň taýýarlanylmagyny amala aşyrmaga; 5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, adatdan daşary ýagdaýlar barada ýerli habardar ediş ulgamyny döretmäge we hemişe taýýarlykda saklamaga; 6) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça hereketleriň meýilnamalaryna laýyklykda garamagyndaky önümçilik we durmuş maksatly desgalarda we olara ýanaşyk ýerlerde heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň guralmagyny we geçirilmegini üpjün etmäge; 7) işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça çäreleri maliýeleşdirmäge; 8) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlyklaryny döretmäge; 9) işgärlerini adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abanýandygy ýa-da dörändigi barada habardar etmäge. 18-nji madda. Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümler (işgärler) Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda meseleleri çözmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertibe laýyklykda Raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümler (işgärler) döredilýär. 19-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmäge jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy

  17. 1. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek boýunça çärelere jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kanunçylygyna we özleriniň tertipnamalaryna laýyklykda gatnaşyp bilerler.

  18. 2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň ýok edilmegine gatnaşýan jemgyýetçilik birleşikleri adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň degişli dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylygynda hereket edýärler. Jemgyýetçilik birleşikleriniň agzalaryny adatdan daşary ýagdaýlaryň zolagyna gatnatmak, olary ýerleşdirmek, azyk, zähmete hak tölemek, maddy-tehniki, lukmançylyk we adatdan daşary ýagdaýlaryň şertlerinde olaryň işiniň üpjünçiliginiň beýleki görnüşleri bilen bagly meseleleri çözmek jogapkärçiligi adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň degişli dolandyryş edaralarynyň üstüne ýüklenýär.

  19. 3. Jemgyýetçilik birleşiklerinden adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmäge gatnaşyjylaryň degişli taýýarlygy bolmalydyr. 20-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň çekilmegi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň güýçleri we serişdeleri adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çekilip bilner. 21-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlar ýok edilende Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň güýçleriniň we serişdeleriniň ulanylmagy Adatdan daşary ýagdaýlar ýok edilende Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň güýçleri we serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda ulanylýar. IV BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA RAÝATLARYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY 22-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda raýatlaryň hukuklary Türkmenistanyň raýatlarynyň şulara hukuklary bardyr: 1) adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda janynyň, saglygynyň we şahsy emläginiň goralmagyna; 2) adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpy abananda we dörände köpçülikleýin we şahsy gorag serişdelerinden hem-de ilaty goramak üçin niýetlenen gaýry emläkden peýdalanmaga; 3) adatdan daşary ýagdaýlaryň bolup biljek töwekgelçilikleri hem-de zerur howpsuzlyk çäreleri hakynda maglumatlary almaga; 4) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi meseleleri boýunça döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna ýüz tutmaga; 5) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ýok etmek boýunça çärelere bellenen tertipde gatnaşmaga; 6) adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna; 7) adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirende şikes almagy ýa-da kesellemegi bilen baglylykda, zähmete ukyplylygyny ýitirende durmuş üpjünçiligine; 8) adamyň janyny halas etmek, eýeçiligi we hukuk tertibini goramak boýunça raýat borjuny ýerine ýetirende alnan şikesden wepat bolan ýa-da aradan çykan raýatlaryň maşgalalary üçin bellenilen tertipde ilaty we çäkleri adatdan daşary ýagdaýlardan goramak boýunça borçlaryny ýerine ýetirende alnan şikesden ýa-da keselden wepat bolanda ýa-da aradan çykanda ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa üpjünçiligine. 23-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda raýatlaryň borçlary Türkmenistanyň raýatlary şulara borçludyrlar: 1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge; 2) hojalyk we gündelik zähmet işinde howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny ýerine ýetirmäge; 3) adatdan daşary ýagdaýlar döremek howpy abananda esasy hereketleri we olar dörände goranyş usullaryny, ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň tärlerini, köpçülikleýin we şahsy gorag serişdelerinden peýdalanmagyň kadalaryny öwrenmäge; 4) zerur bolanda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegine ýardam etmäge. V BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA ILATY TAÝÝARLAMAK 24-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilatyň taýýarlanylmagy

  20. 1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilaty taýýarlamagyň tertibi adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.

  21. 2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ilatyň taýýarlanylmagy okuw usulyýet merkezlerinde, raýatlaryň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerlerinde geçirilýän okuwlar, tapgyrlaýyn okuwlar, türgenleşikler, wagyz-nesihat işleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak arkaly amala aşyrylýar.

  22. 3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar baradaky bölümleriň işgärleri ýa-da jogapkär işgärler adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan bilim maksatnamalary boýunça taýýarlygy geçýärler. 25-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda bilimleriň wagyz edilmegi Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda bilimleriň wagyz edilmegi ilaty goramak we halas etmek bilen bagly işi amala aşyrýan döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan geçirilýär. VI BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA ÇÄRELERI MALIÝELEŞDIRMEK 26-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maksatnamalary maliýeleşdirmek Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda maksatnamalary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 27-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi boýunça çäreleriň maliýe üpjünçiligi

  23. 1. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek döwlet häkimiýet edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, öz serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

  24. 2. Adatdan daşary ýagdaýlary we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça çäreleri maliýeleşdirmek adatdan daşary ýagdaýlar zolagynda ýerleşen kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň öz serişdeleriniň ýa-da degişli ýerli býujetiň, şeýle hem döwlet ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

  25. 3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilen serişdeler ýeterlik bolmadyk halatynda, Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdeleriniň adatdan daşary ýagdaýlar üçin serişdeleri (gazna) ulanylýar. 28-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin niýetlenen maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlygyny döretmek we peýdalanmak Adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda zerur serişdeleri dessin çekmek maksady bilen, adatdan daşary ýagdaýlary ýok etmek üçin niýetlenen maliýe we maddy gorlaryň ätiýaçlygy döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, edaralar we guramalar tarapyndan öňünden döredilýär. VII BAP. ADATDAN DAŞARY ÝAGDAÝLARYŇ ÖŇÜNIŇ ALYNMAGY WE ÝOK EDILMEGI ÇYGRYNDA DÖWLET SELJERIŞI WE DÖWLET GÖZEGÇILIGI 29-njy madda. Sebitleri ösdürmek, şäher gurluşygy, desgalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslama resminamalaryň döwlet seljerişi Sebitleri ösdürmek, şäher gurluşygy, desgalary gurmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça taslama resminamalaryň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet seljerişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar. 30-njy madda. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet gözegçiligi

  26. 1. Şu Kanunyň, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylýar.

  27. 2. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär. VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER 31-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär. 32-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. Türkmenistanyň Gurbanguly Prezidenti Berdimuhamedow Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty. № 334-VI.

Law No. 334-VI “On the Prevention and Elimination of Emergency Situations” · Nelum