Presidential Decree No. 5835 improving the procedure for using state property
Made 2002-08-23 · Text as of 2026-10-01
Public law and official guidance, published as research. Not legal, tax or financial advice.
About this law
- Original title
- TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY «23» Alp Arslan 2002 ý. № 5835 Aşgabat ş. Döwlet emlägini peýdalanmagyň tertibini kämilleşdirmek hakynda.
- Language
- Turkmen
- Kind
- Regulation
- Country
- Turkmenistan
- Subjects
- General
- Keywords
- governance, procedural matters
Where to read it
Text
The law's own text, section by section, as held. Each section has its own link.
5. Döwlet emlägini kärendä, emlägi kireýine bermek, satyn almak satmak ýa-da başga ýagdaýda aýrýbaşgalamak meseleleri boýunça asuda hak islegi arzalary berlen mahaly Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligini döwlet pajyny tölemekden boşatmaly. Altynjy bölegi Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.11.2019 ý. çykaran № 1452 karary esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.
7. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi: Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanyň ulanylýan kanunlaryna şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürlemeli; pudaklaýyn kadalaşdyryjy hukuk namalaryny şu karara laýyk getirmeli.
8. «Döwlet emlägini kärendä bermegi tertipleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-ne çykaran № 4599 kararyny; «Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Nowruz aýynyň 3-ne çykaran №4599 karary bilen tassyklanylan, Döwlet emlägini kärendä bermegiň tertibi hakyndaky Düzgünnama goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 31-ne çykaran № 4820 kararyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
9. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.G. Ataýewa we welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplaryň häkimleri gözegçilik etmeli. Türkmenistanyň Saparmyrat Prezidenti Türkmenbaşy