Presidential Decree No. 14668 “On the issues of regulating land relations”
Made 2016-03-18 · Text as of 2026-10-01
Public law and official guidance, published as research. Not legal, tax or financial advice.
About this law
- Original title
- TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ K A R A R Y «18» mart 2016 ý. № 14668 Aşgabat ş. Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda.
- Language
- Turkmen
- Kind
- Regulation
- Country
- Turkmenistan
- Subjects
- Land and soil
- Keywords
- land tenure, ownership, agricultural land, property rights, cadastre/land registration, certification, liability/compensation
Where to read it
Text
The law's own text, section by section, as held. Each section has its own link.
Document TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ K A R A R Y «18» mart 2016 ý. № 14668 Aşgabat ş. Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2016 ý., № 3, 4020-nji madda) Ýurdumyzyň ýer serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak hem-de ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň düzümini; Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň Tertibini; Oba hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmakdan boşadylýan taraplaryň sanawyny tassyklamaly (goşulýar). 2. «Türkmenistanda ýer gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 3-nji martynda çykaran 9564-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2008-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 186-njy maddasy) 1-nji bölüminiň birinji we ikinji bentlerini güýjüni ýitiren hasap etmeli. 3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary E.Orazgeldiýew, B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministri N.Sapardurdyýew, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýew, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Ç.Gylyjow gözegçilik etmeli. Türkmenistanyň Gurbanguly Prezidenti Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji karary bilen tassyklandy Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň DÜZÜMI (Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.07.2018 ý. çykaran № 835 we 23.03.2019 ý. çykaran № 1179 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) Gurbanguly Berdimuhamedow -Türkmenistanyň Prezidenti (Toparyň Başlygy) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Türkmenistanyň Adalat ministri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Türkmenistanyň Medeniýet ministri Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji karary bilen tassyklandy Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň TERTIBI (Türkmenistanyň Prezidentiniň 01.07.2018 ý. çykaran № 835 we 23.03.2019 ý. çykaran № 1179 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) I. Umumy düzgünler 1. Şu Tertip «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda şahsy taraplara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň, hasaba almagyň we bermegiň tertibini kesgitleýär. 2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk - Ministrlik) ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmegi we gaýtadan resmileşdirmegi, hasaba almagy we bermegi «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we şu Tertibe laýyklykda ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň serişdeleriniň hasabyna tölegli esasda amala aşyrýar. Ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek boýunça resminamalara etrabyň (şäheriň), welaýatyň, Aşgabat şäheriniň Ýer meseleleri baradaky toparlarynda garamak we olary resmileşdirmek, şeýle-de ýer gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek bilen, Döwlet namasyny we Şahadatnamasyny taýýarlamak degişlilikde 30 senenama gününiň dowamynda ýerine ýetirilmelidir. 3. Berilýän ýerlerde ýetirilen zyýan, şeýle hem oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileri bolan mahaly şahsy taraplara, Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli taraplaryna hem-de daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini bermek boýunça namalary resmileşdirmek «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 111-nji we 112-nji maddalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşli taraplary hem-de daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary ýetirilen zyýanyň hem-de oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini ýitgileriň bahasynyň tassyklanan möçberlerine laýyklykda erkin ýörgünli daşary ýurt pulunda (resmi hümmet boýunça) dolýarlar. 4. «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 30-njy, 40-njy, 49-njy we 50-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda ýer böleklerine hususy eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugyny bes etmek we ýere kärende şertnamasyny ýatyrmak, degişlilikde ýeri hususy eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä bermek üçin bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar. II. Ýer böleklerini bermek boýunça namalary resmileşdirmegiň tertibi Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige bermek boýunça namalary resmileşdirmek 5. Türkmenistanyň raýatlaryna ýer bölekleri oba ýerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek ýeri) üçin, şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak maksady bilen, hususy eýeçilige ýörite ýer gaznasynyň hasabyna berilýär. 6. Oba ýerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek ýeri) üçin ýa-da şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer bölegini eýeçilige almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary bu barada aşakda görkezilen resminamalary goşup, ýaşaýan ýeri boýunça Geňeşe (şäherlerde - şäheriň, etraplary bar şäherlerde - şäheriň etrabynyň häkimligine) arza berýär: a) pasportyň nusgasyny; b) maşgala düzümi hakynda delilhaty; ç) mellek ýeriniň ýa-da özbaşdak ýaşaýyş jaýynyň ýokdugy hakyndaky oba ýerlerinde - Geňeş, şäherlerde we şäherçelerde - degişli edaralar tarapyndan berlen delilhaty; d) nika baglaşylandygy hakyndaky şahadatnamanyň nusgasyny ýa-da nikasy bozulan, çagalaryny ýeke terbiýeleýän, nika baglaşmazdan çagalary hossarlyga (howandarlyga), perzentlige alan maşgalalar bu baradaky degişli resminamalaryň nusgasyny. Aýratyn halatlarda raýatlaryň maşgala ýagdaýy barada esaslandyrylan ýüztutmalary bolanda, şeýle hem ýetim çagalar ýa-da ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalar edaralarynda terbiýelenen raýatlara şu bölümiň «d» bendi degişli däldir. 7. Geňeş (şäherlerde - şäheriň, etraplary bar şäherlerde - şäheriň etrabynyň häkimligi) Türkmenistanyň raýatlarynyň arzalaryna şu Tertibiň 5-nji bölümine laýyklykda ýörite ýer gaznasynyň üpjün edilen ýagdaýynda 30 senenama gününiň dowamynda seredýär we aşakdaky resminamalary degişli etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparynyň garamagy üçin iberýär: a) ýer bölegini almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlarynyň sanawyny goşmak bilen, Geňeşiň (şäherlerde - şäheriň, etraplary bar şäherlerde - şäheriň etrabynyň häkimliginiň) towakganamasyny; b) ilatly ýerde gurluşyk işlerini alyp barmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda eýeçilige bermäge hödürlenýän ýer bölekleriniň ýerleşişiniň çyzgysyny; ç) şu Tertibiň 6-njy bölüminde görkezilen resminamalary. 8. Resminamalara etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň mejlislerinde garalýar hem-de bu resminamalar toparyň netijesi boýunça teswirnama resmileşdirilip, degişli welaýatyň Ýer serişdeleri we binagärlik gulluklary bilen ylalaşylandan soň, etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň häkiminiň karary bilen tassyklanýar. 9. Gür ilatly ýerlerde ýer serişdeleri ýetmezçilik eden halatynda, işçi güýjüni rejeli ýerleşdirmek hem-de ýerleri netijeli peýdalanmak boýunça döwlet maksatnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlaryna ýer bölekleri hususy eýeçilige beýleki ilatly ýerleriň ýörite ýer gaznasyndan bellenilen tertipde berlip bilner. 10. Etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň häkiminiň Türkmenistanyň raýatlaryna ýer böleklerini eýeçilige bermek hakyndaky karary esasynda Ministrligiň tabşyrygy boýunça onuň garamagyndaky degişli edara ýer bölekleriniň araçägini ýerinde görkezmek bilen, resminamalary (ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalary) resmileşdirýär hem-de her bir ýer eýesi üçin ýer bölegine eýeçilik hukugy baradaky Döwlet namasyny taýýarlaýar. Taýýarlanan Döwlet namasyny hasaba almak we degişli resminamalar bilen bilelikde ýer eýesine gowşurmak üçin, olar Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine tabşyrylýar. 11. Oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden hususy eýeçilige ýer bölekleri Türkmenistanyň uzak möhletli kärende şertlerinde işleýän kärendeçi raýatlaryna «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 27-nji maddasyna laýyklykda berilýär. Ýokarda görkezilen maksatlar üçin ýer bölekleri hususy eýeçilige kärende şertlerinde 10 ýylyň dowamynda ýerleri netijeli peýdalanmagy üpjün eden, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alan Türkmenistanyň raýatlaryna berilýär. 12. Daýhan birleşikleri we beýleki oba hojalyk kärhanalary Türkmenistanyň kärendeçi raýatlaryna hususy eýeçilige ýer böleklerini bermek hakyndaky resminamalary etrabyň (şäheriň) ýer meseleleri baradaky toparlaryna garamak üçin iberýär. 13. Resminamalara etrabyň (şäheriň), soňra welaýatyň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň mejlislerinde garalýar hem-de teswirnamalar resmileşdirilip, bu resminamalar Ministrlige netijenama çykarmak hem-de Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparyna hödürlemek üçin iberilýär. 14. Türkmenistanyň kärendeçi raýatlaryna ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi kabul edilenden soň, Ministrligiň tabşyrygy boýunça onuň degişi edarasy ýer bölekleriniň araçägini ýerinde görkezmek bilen, resminamalary (ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalary) resmileşdirýär hem-de ýer eýesi üçin ýer bölegine eýeçilik hukugy baradaky Döwlet namasyny taýýarlaýar. Döwlet namasy hasaba almak we degişli resminamalar bilen bilelikde ýer eýesine gowşurmak üçin, Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine tabşyrylýar. 15. Ýer bölegine hususy eýeçilik hukugy baradaky Döwlet namasy iki nusgada düzülýär, olaryň biri ýer böleginiň eýesine berilýär, ikinjisi Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde saklanylýar. 16. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiligine bermek boýunça ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalar üç nusgada resmileşdirilýär, olaryň: bir nusgasy oba ýerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek ýeri) üçin ýa-da şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin, degişli Geňeşe (şäheriň, şäherdäki etrabyň häkimligine), ýerler oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin berlende bolsa, ýer böleginiň eýesine berilýär; bir nusgasy Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar; bir nusgasy Ministrligiň garamagyndaky degişli edaranyň arhiwinde saklanylýar. 17.Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige bermek hakyndaky maglumatlar degişli daýhan birleşiginiň (oba hojalyk kärhanasynyň) ýer-kadastr kitabyna we etrabyň (şäheriň) Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylýar. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna hususy eýeçilige bermek hakynda daýhan birleşiginiň (oba hojalyk kärhanasynyň) ýer-kadastr kitabyna we etrabyň (şäheriň) Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylan maglumatlar hem-de ýer bölegine eýeçilik hukugyny berýän Döwlet namasynyň nusgasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň degişli ýerli edarasyna (mundan beýläk - Gullugyň ýerli edarasy) iberilmäge degişlidir. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna peýdalanmaga bermek boýunça namalary resmileşdirmek 18. Ýer bölegini peýdalanmaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary we edara görnüşli taraplary berilmegi soralýan ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine ýüz tutýarlar. 19. Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi ýer bölegini almaga isleg bildiren tarap we dahylly kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň wekilleri bilen bilelikde ýer bölegini saýlap alýar hem-de degişli namany resmileşdirýär, şol namada: a) ýer böleklerini saýlamak boýunça toparyň düzümi; b) ýer bölekleriniň niýetlenilişi boýunça häsiýetnamasy; ç) dürli ýerlerde ýerleşen ýer bölekleriniň deňeşdirme hasaplamalary we has amatly ýer bölegi (birnäçe ýer böleginden saýlanylan mahaly); d) bina (desga) suwarymly ýerlerde ýerleşdirilýän mahaly, ony başga ýerde ýerleşdirmegiň mümkin däldiginiň esaslandyrmasy görkezilýär. Ýer bölegini saýlap almak baradaky nama onuň aýrylmaz bölegi bolan, topar agzalary bilen ylalaşylan ýer böleginiň ýerleşiş çyzgysy goşulýar. Zerur bolan mahaly ýer bölekleriniň birnäçesi saýlanylýar. Ýer bölegini saýlap almak bilen bagly işler welaýat we Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirlikleriniň Ministrlik bilen ylalaşylan haýyşnamasy esasynda Ministrligiň ýerlerdäki ýer gurluşyk işlerini alyp barýan degişli edaralary tarapyndan ýerine ýetirilip bilner. Oba hojalyk we tokaý hojalyk ýerleri oba hojalygy bilen bagly bolmadyk maksatlar üçin bölünip berlende, şeýle hem ýer böleklerinde köp ýyllyk agaçlar, binalar, desgalar, suwaryş ulgamlary, toplaýjy zeýkeş ulgamlary, üpjünçilik ulgamlary we beýleki desgalar bar bolan mahaly oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň hem-de ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň çeken zyýanynyň bahasyna nyrh kesmegiň güwänamasy düzülýär. 20. Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi ýer bölegini peýdalanmaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlarynyň we edara görnüşli taraplarynyň beren şu resminamalaryna garaýar: a) berilmegi soralýan meýdanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna ýa-da gerek meýdanyň hasaplamasyna; b) etrabyň (şäheriň), welaýatyň, Aşgabat şäheriniň binagärlik edaralary bilen ylalaşylan, ýer böleginiň ölçegleri görkezilen gurluşyk işlerini geçirmegiň meýilnamasyna (taslamasyna); ç) ýokarda durýan edaranyň gurluşyk we beýleki hajatlar üçin rugsatnamasyna (döwlet guramalary üçin); d) edara görnüşli taraplaryň Tertipnamasynyň göçürme nusgasyna hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölüminde hasaba almagyň resminamasynyň we şahadatnamasynyň göçürme nusgalaryna; e) geologik gullugyň netijenamasyna, dag-magdan bölüp bermesine, ýerleriň öňki durkuny dikeltmek bilen, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň känlerini işläp geçmegiň taslamasyna (känleri işläp geçmek üçin); ä) suwarmak üçin suw paýynyň berilmegi hakynda suw hojalyk edaralarynyň delilhatyna (oba hojalyk önümçiligini ýöretmek üçin); f) hususy telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin patente (hususy telekeçiler üçin); g) Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň netijenamasyna; h) ýerleri özleşdirmegiň we rejeli peýdalanmagyň maliýe üpjünçiligi, şeýle hem desgalaryň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi hakyndaky degişli bankyň ýa-da maliýe edarasynyň delilhatyna. Bu resminamalara soňra Ýer bölegini saýlap almak hakyndaky güwänamany, oba hojalyk we tokaý hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň hem-de ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň çeken zyýanynyň bahasyna nyrh kesmegiň güwänamasyny goşmak bilen, olar etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparyna garamak üçin iberilýär. 21. Resminamalara etrabyň (şäheriň), soňra welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynda garalýar we olar resmileşdirilen teswirnamalar bilen bilelikde Ministrlige netijenama çykarmak hem-de Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň garamagyna bermek üçin iberilýär. 22. Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet topary Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky degişli resminamalara garaýar we onuň mejlisiniň teswirnamasy esasynda bu resminamalar Türkmenistanyň Ýer meseleleri baradaky döwlet toparynyň başlygy tarapyndan tassyklanylýar. Tassyklanan resminamalar boýunça Ministrligiň tabşyrygy esasynda onuň degişli edarasy ýer bölekleriniň araçägini ýerinde görkezmek bilen, resminamalary (ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalary) resmileşdirýär hem-de ýerden peýdalanyjy üçin ýerden peýdalanmak hukugy baradaky Döwlet namasyny taýýarlaýar. Taýýarlanan Döwlet namasy hasaba almak we degişli resminamalar bilen bilelikde ýerden peýdalanyja gowşurmak üçin,Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine tabşyrylýar. 23. Ýerden peýdalanmak hukugy baradaky Döwlet namasy iki nusgada düzülýär, olaryň biri ýerden peýdalanyja berilýär, ikinjisi Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäheriniň Ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar. 24. Ýer böleklerini peýdalanmaga bermek boýunça ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalar üç nusgada resmileşdirilýär, olaryň: bir nusgasy ýerden peýdalanyja berilýar; bir nusgasy Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar; bir nusgasy Ministrligiň garamagyndaky degişli edaranyň arhiwinde saklanylýar. 25. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýer bölekleri möhletli peýdalanmaga ýokarda görkezilen tertipde ýörite döredilen ýer gaznasyndan berilýär. 26.Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna peýdalanmaga bermek hakyndaky maglumatlar Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylýar. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna peýdalanmaga bermek hakyndaky Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylan maglumatlar hem- de ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasynyň nusgasy Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilmäge degişlidir. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden ýer böleklerini oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin uzak möhletli kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmek 27. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerlerini oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin uzak möhletli kärendä bermek «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 46-njy maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar. 28. Daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň suwarymly ýerleri uzak möhletli kärendä 10 ýyl we şondan köp möhlete, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň (şol sanda daýhan hojalyklarynyň) ýüztutmasy esasynda degişli daýhan birleşiginiň toparynyň ýa-da oba hojalyk kärhanasynyň dolandyryjy edarasynyň çözgüdi boýunça şertnama esasynda berilýär. 29. Daýhan birleşikleri we beýleki oba hojalyk kärhanalary suwarymly ýerleri kärendeçilere uzak möhletli kärendä bermek hakyndaky maglumatlary ýer-kadastr kitabyna ýazýarlar we her ýylyň noýabr aýynyň 1-inden gijä galman, Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine suwarymly ýerleriň peýdalanylyşy barada hasabat berýärler. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmek 30. Ýer bölekleri Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl maksatlar üçin - 40 ýyla çenli möhlete, wagtlaýyn söwda we durmuş hyzmaty nokatlaryny, ammarlary, awtoduralgalary we beýleki wagtlaýyn desgalary ýerleşdirmek üçin - 5 ýyla çenli möhlete kärendesine berilýär. 31. Ýer bölegini oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä almaga isleg bildiren Türkmenistanyň raýatlary we edara görnüşli taraplary aşakda görkezilen resminamalary goşmak bilen, berilmegi soralýan ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine ýüz tutýarlar: a) berilmegi soralýan ýer böleginiň ýerleşýän ýeriniň çyzgysyny we guruljak binanyň (desganyň) etrabyň (şäheriň), welaýatyň, Aşgabat şäheriniň binagärlik edaralary bilen ylalaşylan suratyny (40 ýyla çenli möhlete bermek üçin) ýa-da wagtlaýyn binanyň (desganyň) deslapky çyzgysyny, zerur bolan ýagdaýda suratyny (5 ýyla çenli möhlete bermek üçin); b) ýokarda durýan edaranyň rugsatnamasyny (döwlet guramalary üçin); ç) edara görnüşli taraplaryň Tertipnamasynyň göçürme nusgasyny hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak bölüminde hasaba almagyň resminamasynyň we şahadatnamasynyň göçürme nusgalaryny; d) hususy telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin patenti (hususy telekeçiler üçin); e) Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň netijenamasyny; ä) ýerleri özleşdirmegiň we rejeli peýdalanmagyň maliýe üpjünçiligi, şeýle hem desgalaryň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi hakyndaky degişli bankyň ýa-da maliýe edarasynyň delilhatyny. 32. Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi oba hojalyk däl maksatlar üçin ýer böleklerini kärendesine bermek hakyndaky Türkmenistanyň raýatlarynyň weedara görnüşli taraplarynyň beren resminamalaryny umumylaşdyrýar hem-de olary etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlaryna garamak üçin iberýär. 33. Ýer böleklerini oba hojalyk däl maksatlar üçin 40 ýyla çenli möhlete kärendä bermek hakyndaky resminamalara etrabyň (şäheriň), soňra welaýatyň, Aşgabat şäheriniň, 5 ýyla çenli möhlete kärendä bermek hakyndaky resminamalara etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň mejlisinde garalýar we bu resminamalar şol toparlaryň teswirnamalary arkaly resmileşdirilýär. 34. Ýer böleklerini oba hojalyk däl maksatlar üçin 40 ýyla çenli möhlete kärendä bermek hakyndaky welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň teswirnamasy welaýatyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň karary bilen tassyklanýar; 5 ýyla çenli möhlete kärendä bermek hakynda etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň ýer meseleleri baradaky toparlarynyň teswirnamasy etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň häkiminiň karary bilen tassyklanýar. Ministrligiň welaýat we Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirlikleri tassyklanan resminamalary jemleýär we olary Ministrlige iberýär. 35. Ýer böleklerini kärendä bermek hakyndaky tassyklanan resminamalar boýunça Ministrligiň tabşyrygy esasynda onuň degişli edarasy ýer bölekleriniň araçägini ýerinde görkezmek bilen, resminamalary (ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalary) resmileşdirýär hem-de ýere kärende hukugy barada Şahadatnamasy taýýarlaýar. Taýýarlanan Şahadatnama hasaba almak we degişli resminamalar bilen bilelikde ýer kärendeçisine gowşurmak üçin, Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine tabşyrylýar. Ýere kärende hukugy barada Şahadatnama iki nusgada düzülýär, olaryň biri ýer kärendeçisine berilýär, ikinjisi Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä berlen ýerleriň kärende möhleti tamamlanan halatynda, bu ýer böleklerini kärendesine bermek baradaky resminamalary resmileşdirmek şu Tertibiň 30-37-nji bölümlerinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 36. Ýer böleklerini oba hojalyk däl maksatlar üçin kärendä bermek hakyndaky resminamalar (ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalar) üç nusgada resmileşdirilýär, olaryň: bir nusgasy kärendeçä berilýär; bir nusgasy Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar; bir nusgasy Ministrligiň garamagyndaky degişli edaranyň arhiwinde saklanylýar. 37. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna kärendä bermek hakyndaky maglumatlar Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylýar. Ýer böleklerini Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna kärendä bermek hakyndaky Ministrligiňwelaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylan maglumatlar hem-de ýere kärende hukugy barada Şahadatnamanyň nusgasy Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilmäge degişlidir. Ýer böleklerini daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynawe edara görnüşli taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendä bermek boýunça namalary resmileşdirmek 38. Ýer bölekleri daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna gurluşyk we beýleki oba hojalyk däl maksatlar üçin 40 ýyla çenli möhlete, wagtlaýyn söwda we durmuş hyzmaty nokatlaryny, ammarlary, awtoduralgalary we beýleki desgalary ýerleşdirmek üçin 5 ýyla çenli möhlete kärendesine berilýär. 39. Oba hojalyk däl maksatlar üçin ýer bölegini kärendä almaga isleg bildiren daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşli taraplary, daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bu barada haýyşnamany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bellenen tertipde berýärler. 40. Daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna, şeýle hem daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini kärendä bermek «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 48-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda amala aşyrylýar. 41. Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna, daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna ýer böleklerini kärendä bermek hakyndaky kararyna laýyklykda, Ministrligiň tabşyrygy esasynda onuň degişli edarasy ýer bölekleriniň araçägini ýerinde görkezmek bilen, resminamalary (ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalary) resmileşdirýär hem-de ýere kärende hukugy barada Şahadatnamany taýýarlaýar. 42. Ýere kärende hukugy barada Şahadatnama iki nusgada düzülýär, olaryň biri ýer kärendeçisine berilýär, ikinjisi Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar. 43. Ýer böleklerini kärendä bermek boýunça ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalar üç nusgada resmileşdirilýär, olaryň: bir nusgasy ýer kärendeçisine berilýär; bir nusgasy Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar; bir nusgasy Ministrligiň garamagyndaky degişli edaranyň arhiwinde saklanylýar. 44. Ýer böleklerini daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna, daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendä bermek hakyndaky maglumatlar Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylýar. Ýer böleklerini daşary ýurt döwletleriniň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna, daşary ýurt döwletlerine we halkara guramalaryna kärendä bermek hakynda Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan etrabyň (şäheriň), Aşgabat şäheriniň Döwlet ýer-kadastr kitabyna ýazylan maglumatlar hem-de ýere kärende hukugy barada Şahadatnamanyň nusgasy Gullugyň degişli ýerli edarasyna iberilmäge degişlidir. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna ýer böleklerini bermek boýunça namalary gaýtadan resmileşdirmegiň tertibi 45. Ýer böleklerini bermek boýunça namalary gaýtadan resmileşdirmek, gaýtadan hasaba almak we ýer bölekleri üçin hukuga güwä geçýän bellenilen nusgadaky resminamalary gaýtadan bermek şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar: döwlet eýeçiligine degişli desgalar döwletden aýrylanda we hususylaşdyrylanda; ýere eýeçilik etmek we ýerden peýdalanmak hukugy başga birine berlende we geçende; ýer böleginde ýerleşen binalar satylanda, satyn alnanda; oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin öň hususy eýeçilige berlen ýer böleginiň esasynda daýhan hojalygy döredilende; şeýle hem beýleki raýat-hukuk geleşikleri amala aşyrylanda. Ýer böleklerini bermek boýunça namalary gaýtadan resmileşdirmek üçin (oba ýerinde kömekçi şahsy hojalygy alyp barmak (mellek ýeri) üçin, şeýle hem şäherlerde we şäherçeleree özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýer bölekleri muňa girmeýär) öň berlen ýer bölekleriniň meýdany üýtgemedik ýa-da kemelen ýagdaýynda, Türkmenistanyň raýatlary we edara görnüşli taraplary aşakda görkezilen resminamalarygoşmak bilen, ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine ýüz tutýarlar: a) ýer bölegi üçin hukuga güwä geçýän resminamany; b) öň taýýarlanylan ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalary (bar bolsa); ç) emläk üçin eýeçilik hukugy hakyndaky şahadatnamany (döwlet eýeçiligindäki desgalar hususylaşdyrylanda); d) gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak barada notarial edarasy tarapyndan güwälendirilen şertnamany; e) raýat-hukuk geleşikleri hakyndaky çözgütleri; ä) hususy telekeçilik işi bilen meşgullanmak üçin patenti (hususy telekeçiler üçin); f) daýhan hojalygyny döretmek we hasaba almakhakyndakyresminamalary. 46. Oba ýerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek ýeri) üçin ýa-da şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýer böleklerine eýeçilik hukugyny gaýtadan resmileşdirmek üçin, Türkmenistanyň raýatlary şu aşakda görkezilen resminamalary goşmak bilen, ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine ýüz tutýar: a) ýer bölegini gaýtadan resmileşdirmek hakyndaky arzany; b) ýer bölegi üçin hukuga güwä geçýän öň berlen resminamany; ç) ýer bölegi üçin eýeçilik hukugynyň geçmegini tassyklaýan resminamany; d) maşgalanyň düzümi, şeýle hem başga ýer böleginiň ýokdugy hakyndaky delilhatlary. 47. Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşli taraplaryna öň berlen ýer böleklerine degişli namalarygaýtadan resmileşdirmek Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi tarapyndan geçirilýär. IV. Ýer böleklerine eýeçilik hukugy, olardan peýdalanmak hukugy we kärende hukugy barada täze nusgadaky resminamalary bermegiň we gaýtadan hasaba almagyň tertibi 48. Ýer böleklerine eýeçilik hukugy, olardan peýdalanmak hukugy we kärende hukugy üçin täze nusgadaky resminamalaryň berilmegi we gaýtadan hasaba alynmagy üçin Türkmenistanyň raýatlary we edara görnüşli taraplary ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşli taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bolsa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüz tutýarlar. Ýüztutmanyň ýanyna öň resmileşdirilen ýer gurluşyk işi bilen bagly resminamalar (bar bolsa), şeýle hem ýer bölekleri üçin eýeçilik hukugyna, peýdalanmak hukugyna we kärende hukugyna güwä geçýän resminamalar goşulýar. 49. Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligi Türkmenistanyň raýatlarynyň we edara görnüşli taraplarynyň ýer böleklerini gaýtadan hasaba almak baradaky resminamalaryny umumylaşdyrýar hem-de her desga boýunça netijenama we hödürnama taýýarlaýar. Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümi taýýarlanan netijenamany we hödürnamany welaýat ýer serişdeleri müdirliginiň garamagyna iberýärler. 50. Ministrligiň welaýat we Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirlikleri resminamalara garandan soň, eýeçilik hukugyna, peýdalanmak hukugyna we kärende hukugyna güwä geçýän resminamalary taýýarlamak üçin, şol resminamalary Ministrlikbilen ylalaşylan haýyşnama esasynda Ministrligiň ýerlerdäki ýer gurluşyk işlerini alyp barýan degişli edaralaryna iberýärler. Taýýarlanan namalar hasaba almak we degişli resminamalar bilen bilelikde ýer eýesine, ýerden peýdalanyja we kärendeçä gowşurmak üçin, Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine tabşyrylýar. 51. Ýer böleklerine eýeçilik hukugyna, olardan peýdalanmak hukugyna we kärende hukugyna güwä geçýän resminama iki nusgada düzülýär, olaryň biri Türkmenistanyň raýatyna we edara görnüşli tarapyna gowşurylýar, ikinjisi Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar. 52. Ýer böleklerini gaýtadan hasaba almak boýunça resminamalar Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölüminde, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginde saklanylýar. 53. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň we guramalarynyň edara jaýlarynyň, önümçilik we kömekçi desgalarynyň, şeýle hem ulgamlaýyn desgalaryň (demir we awtomobil ýollarynyň, elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, turbageçirijileriň ähli görnüşleriniň, ene ýaplaryň we şor suw akabalarynyň we beýlekileriň) ýerleşýän, häzirki wagtda peýdalanylýan ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmak baradaky resminamalary ýok ýagdaýynda, olar Ministrligiň welaýat ýer serişdeleri müdirlikleriniň degişli etrapdaky (şäherdäki) ýer serişdeleri bölümine, Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirligine ýüz tutýarlar. Bu ýer bölekleri soňra şu Tertibiň 49-njy we 50-nji bölümlerine laýyklykda resmileşdirilip, gaýtadan hasaba alynýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji martynda çykaran 14668-nji karary bilen tassyklandy Oba hojalyk önümçiliginiň ýitgileriniň öwezini dolmakdan boşadylýan taraplaryň SANAWY Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän ministrlikler we pudak edaralary hem-de edara-kärhanalar; Döwletiň mekezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň, döwlet ätiýaçlyk gorunyň hasabyna maliýeleşdirilýän desgalaryň we binalaryň iş buýrujylary; Saglygy goraýyş, taryh, medeniýet, durmuş üpjünçiligi, bilim edaralary, dini edaralar, mekdebe çenli çagalar edaralary, çagalar we ýetginjekler üçin sagaldyş merkezleri we sport hem-de medeni-durmuş guramalary; Bellenilen tertipde bellige alnan dini guramalar, şeýle hem metjitler, ybadathanalar we gonamçylyklar üçin ýer bölekleri berilýän taraplar; Wagtlaýyn peýdalanmaga ýer bölünip berlen mahaly onuň şerti boýunça ýer bölegini oba hojalygynda peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirmäge borçly bolan kärhanalar we guramalar.