Presidential Decree No. 13942 validating the Regulation of land payments and land rent
Made 2014-11-06 · Text as of 2026-10-01
Public law and official guidance, published as research. Not legal, tax or financial advice.
About this law
- Original title
- ÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ K A R A R Y «06» noýabr 2014 ý. № 13942 Aşgabat ş. Türkmenistanda ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini düzgünleşdirmek hakynda.
- Language
- Turkmen
- Kind
- Regulation
- Country
- Turkmenistan
- Subjects
- Land and soil
- Keywords
- land tenure, ownership, foreign land tenure, agricultural land, lease, urban land, business/industry/corporations, taxes, local government, contracts, property rights
- Categories
- *
Where to read it
Text
The law's own text, section by section, as held. Each section has its own link.
Document TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ K A R A R Y «06» noýabr 2014 ý. № 13942 Aşgabat ş. Türkmenistanda ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini düzgünleşdirmek hakynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy 2014ý., № 11-12, 3412-nji madda) (Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.03.2019 ý. çykaran № 1179 karary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak möhletli strategiýalaryna laýyklykda peýdalanmaga we kärendä berilýän ýerleriň rejeli hem-de netijeli peýdalanmagyny gazanmak, tebigy gurşawy abat saklamak we gowulandyrmak, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, ýerde hojalygy ýöretmegiň dürli görnüşlerini ulanmak, Türkmenistanyň çäklerinde erkin telekeçiligi höweslendirmek üçin şertleri döretmek, welaýatlary, şäherleri, etraplary, ilatly ýerleri ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmäge ýardam bermek, şeýle hem Ýer hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, karar edýärin: 1. Türkmenistanda ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberlerini; Türkmenistanda ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini hasaplamagyň we tölemegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar). 2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden gelýän serişdeleriň ýer bölekleriniň ýerleşýän ýeri boýunça degişli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetlerine geçirilmegini üpjün etmeli. 3. Welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleri ýer üçin - tölegleriň we ýer üçin kärende tölegleriniň doly möçberde we öz wagtynda alnyşyna gözegçilik etmeli. 4. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 5. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2006-njy ýylyň 12-nji maýynda çykaran 3494-nji buýrugyny güýjüni ýitiren hasap etmeli. 6. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary A.Ýazmyradow, A.Goçyýew, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministri Ç.Çarlyýew, Türkmenistanyň Maliýe ministri M.Muhammedow, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri W.Abdylhekimow, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Myradow, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli. Türkmenistanyň Gurbanguly Prezidenti Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 06-njy noýabrynda çykaran 13942-nji karary bilen tassyklandy Türkmenistanda ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň MÖÇBERLERI Sebitler Türkmenistanyň raýatlary we edara görnüşli taraplary üçin (100 m2 üçin manatda) Daşary yurt raýatlary we edara görnüşli taraplary üçin (100 m2 üçin amerikan dollary) Daşary ýurt döwletleri, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary, halkara guramalary we olaryň wekilhanalary hem-de olara deňleşdirilenler üçin (100 m2 üçin amerikan dollarynda) Aşgabat şäheri 100,0 400,0 200,0 Welaýat merkezleri 80,0 200,0 100,0 Etrap merkezleri we şäherler 50,0 200,0 100,0 Şäherçeler, oba ilatly ýerler we beýlekiler 25,0 100,0 100,0 Bellik: Türkmenistanda ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň ýokarda görkezilen möçberleri 1 ýyl üçin göz öňünde tutulan. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 06-njy noýabrynda çykaran 13942-nji karary bilen tassyklandy Türkmenistanda ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini hasaplamagyň we tölemegiň TERTIBI (Türkmenistanyň Prezidentiniň 23.08.2016 ý. çykaran № 14938, 04.05.2017 ý. çykaran № 185 we 23.03.2019 ý. çykaran № 1179 kararlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen) 1. Şu Tertip «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda, ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini hasaplamagyň we tölemegiň tertibini düzgünleşdirýär, şeýle hem eýeçilige, peýdalanmaga we kärendesine ýer bölekleri berlen Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli we şahsy taraplarynyň, daşary ýurt döwletleriniň, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň we olaryň wekilhanalarynyň hem-de olara deňleşdirilenleriň (mundan beýläk - töleýjiler), şeýle hem ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlikleriniň ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegi bilen bagly hukuklaryny hem-de borçlaryny kesgitleýär. Ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini almagyň esasy maksady eýeçilige, peýdalanmaga we kärendä berilýän ýerleriň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyny gazanmak, tebigy gurşawy abat saklamak we gowulandyrmak, oba hojalyk önümçiligini ösdürmek, ýerde hojalygy ýöretmegiň dürli görnüşlerini ulanmak, Türkmenistanyň çäklerinde erkin telekeçiligi höweslendirmek üçin şertleri döretmek, welaýatlary, etraplary, şäherleri we beýleki ilatly ýerleri ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmäge ýardam etmekden ybarat bolup durýar. 2. Ýer üçin töleg Türkmenistanyň raýatlarynyň eýeçiliginde, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň we edara görnüşli taraplarynyň peýdalanmagynda durýan ýerler üçin alynýar. Ýer üçin kärende tölegi Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň edara görnüşli we şahsy taraplaryna, daşary ýurt döwletlerine, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna, konsullyk edaralaryna, halkara guramalaryna we olaryň wekilhanalaryna hem-de olara deňleşdirilenlere kärendesine berlen ýerler üçin alynýar. 3. Eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendesine berlen ýer böleklerine bellenen tertipde berlen Döwlet namasy we Şahadatnama ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini almaga esas bolup durýar. 4. Ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň alnyşyna gözegçilik degişli häkimlikler tarapyndan amala aşyrylýar. 5. Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi sebitleriň bölünişine görä Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tölegleriň ýyllyk möçberlerinde alynýar. 6. Ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň möçberi ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýeri kärendesine alyjylaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijesine bagly däldir. 7. Töleýjiniň ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini tölemek borjy, oňa ýer böleginiň bellenen tertipde eýeçilige, peýdalanmaga ýa-da kärendä berlen aýyndan soňky aýda ýüze çykýar we ýere eýeçilik hukugy, ýer böleginden peýdalanmak hukugy ýa-da kärende hukugy bes edilen aýyndan soňky aýda bes edilýär. 8 . Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Tertipde göz öňünde tutulandakydan beýleki kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar. 9. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň anyk möçberi hasaplanandan soňra, degişli häkimlikler: ýer böleklerini eýeçilige, peýdalanmaga, kärendesine alýan taraplaryň her biri boýunça ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň tölenilişiniň hasabyny ýöredýärler; ýer üçin tölegiň we ýer üçin kärende töleginiň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry hasaplanylmagyna hem-de onuň doly we öz wagtynda tölenilmegine gözegçilik edýärler. 10. Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi her çärýekde (tamamlanan çärýegiň yzyndan gelýän aýyň 5-ne çenli) tölenmäge degişlidir. 11. Şu aşakdakylar ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden boşadylýar: oba hojalyk maksatlary üçin peýdalanmaga berlen ýerler; Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara- kärhanalara peýdalanmaga berlen ýerler; ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, häkimlikleriň merkezi edaralaryny ýerleşdirmek üçin berlen ýerler; döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek, goranmak we döwlet serhedini goramak üçin hem-de harby desgalary ýerleşdirmäge, saklamaga berlen ýerler; özbaşdak we beýleki ýaşaýyş jaý gurluşygy hem-de şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak - mellek ýeri üçin berlen ýerler; döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň, döwlet ätiýaçlyk gorunyň hasabyna maliýeleşdirilýän desgalarda gurluşygyň tassyklanan taslama-çykdajy sanaw resminamasynda bellenen möhlete peýdalanmaga berlen ýerler; umumylykda peýdalanylýan ähli görnüşdäki ýollar, olara hyzmat edýän desgalar, döwlet eýeçiligindäki hem-de Türkmenistanda balyk ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan döwlete dahylsyz edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň balyk hojalyk desgalary, atçylyk pudagynyň edara-kärhanalary, elektrik, suw, lagym, ýylylyk, gaz we nebit geçirijileri üçin berlen ýerler; geologiýa-gözleg we barlag işleri geçirilýän ýerler, gorag zolaklary we tebigaty goraýyş desgalary, tokaý-seýilgäh zolaklary; döwlet eýeçiligindäki hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalara, edaralara hem-de guramalara degişli bolan suw, lagym ulgamlary we desgalary üçin berlen ýerler; maýyplary dikeltmek, daşky gurşawy goramak, ýangyn howpsuzlygy we raýat goranyşy babatda ulanylýan desgalar üçin peýdalanylýan ýerler; bellenen tertipde bellige alnan dini guramalar, şeýle hem metjitler, ybadathanalar we gonamçylyklar üçin berlen ýerler; maýyplaryň jemgyýetçilik guramalarynyň işiniň esasy ugry bilen baglanyşykly maksatlar üçin berlen ýerler; daýhan birleşikleri we beýleki oba hojalyk kärhanalaryna degişli edara jaýlary, ammarlar, ussahanalar, garažlar üçin berlen ýerler; Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenen tertipde ýygym alynýan awtoduralgalar üçin berlen ýerler; erkin telekeçiligiň ykdysady zolagynyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli we şahsy taraplaryň peýdalanýan ýerleri; «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Nebit işleri geçirilende Potratçy tarapyndan peýdalanylýan ýa-da kärendesine alnan ýerler; tokaý hojalygyny döwlet dolandyryşyň ygtyýarly edarasynyň tokaýlary abat saklamak we goramak, olary üznüksiz köpeldip durmak hem-de tokaýdan peýdalanmagy düzgünleşdirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak babatdaky ygtyýarlyklary beren döwlet tokaý hojalyk kärhanalaryna we beýleki döwlet kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna berlen ýerler; aýratyn goralýan tebigy ýerleriň işi bilen baglanyşykly maksatlar üçin döwlet tebigy goraghanalaryna, döwlet milli tebigy seýilgählere we edara görnüşli tarapyň hukuk derejesi bolan beýleki aýratyn goralýan tebigy ýerler; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aýratyn çözgüdi esasynda beýleki maksatlar üçin muzdsuz berlen ýerler. 12. Ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini milli pulda tölemek üçin ýörite hasaplar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerli býujetlerinde açylýar. Ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini amerikan dollarynda tölemek üçin ýörite hasaplar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinde açylýar. 13. Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine ýer üçin tölegden we ýer üçin kärende töleginden amerikan dollarynda gelip gowşan serişdelere barabarlykda manat serişdeleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ýerli býujetlere geçirilýär. 14. Ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi Türkmenistanyň raýatlary hem-de edara görnüşli taraplary tarapyndan milli pulda, daşary ýurt döwletleriniň raýatlary we edara görnüşli taraplary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary, konsullyk edaralary, halkara guramalary we olaryň wekilhanalary hem-de olara deňleşdirilenler tarapyndan amerikan dollarynda geçirilýär. 15. Türkmenistanyň Merkezi banky ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini tölemek üçin Türkmenistanyň Merkezleşdirilen we ýerli býujetlerinde milli pulda we daşary ýurt pulunda ýörite hasaplaryň açylmagyny üpjün edýär. 16. Türkmenistanda ýer üçin töleg we ýer üçin kärende tölegi bilen bagly meseleler boýunça resmi düşündiriş bermek ygtyýarly edara tarapyndan ýerine ýetirilýär. 17. Ýer üçin tölegi we ýer üçin kärende tölegini tölemek bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen düzgünleşdirilýär.