Presidential Decree No. 14520 “On the state fee for state registration of rights to real estate and transactions related to it”
صدر في 2015-12-21 · النص بتاريخ 2026-10-01
القانون العام والإرشادات الرسمية منشورة بوصفها أبحاثاً. ليست مشورة قانونية أو ضريبية أو مالية.
البحث نفسه مكتوب بالإنجليزية. العناوين والوسوم مترجمة؛ أما النتائج والاقتباسات فغير مترجمة.
عن هذا القانون
- العنوان الأصلي
- TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ K A R A R Y «21» dekabr 2015 ý. № 14520 Aşgabat ş. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajy hakynda.
- اللغة
- Turkmen
- النوع
- لائحة
- الدولة
- تركمانستان
- الموضوعات
- Land and soil
- الكلمات المفتاحية
- land tenure, cadastre/land registration, fiscal and market measures, fees/royalties, contracts, ownership, property rights
أين تقرؤه
النص
نص القانون نفسه، مادةً مادة، كما هو محفوظ. لكل مادة رابطها.
Document TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ K A R A R Y «21» dekabr 2015 ý. № 14520 Aşgabat ş. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajy hakynda (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2015 ý., № 12, 3857-nji madda) Şahsy we edara görnüşli taraplaryň gozgalmaýan emläk bilen bagly hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek, ýurdumyzda gozgalmaýan emläk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen hem-de «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin: 1. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajynyň möçberlerini tassyklamaly (goşulýar). 2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem- de Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli. 3. Şu karar 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär. 4. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Adalat ministri B.Muhamedow, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri Ý.Şeripow, Türkmenistanyň Maliýe ministri M.Muhammedow we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew gözegçilik etmeli. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Gurbanguly Belent Serkerdebaşysy Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň 2015-nji ýylyň 21-nji dekabrynda çykaran 14520-nji karary bilen tassyklandy Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajynyň MÖÇBERLERI № Döwlet pajy alynýan hereketleriň görnüşleri Döwlet pajynyň möçberi* edara görnüşli tarap üçin şahsy tarap üçin 1. Gozgalmaýan emläge bolan eýeçilik hukugynyň, hojalygy ýörediş hukugynyň, operatiw dolandyryş hukugynyň, ynançly dolandyrmak hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy (ýer böleginden başgalary): a) köp öýli ýaşaýyş jaýyndaky öý, özbaşdak ýaşaýyş jaýy (kömekçi hojalyk binalary we şuňa meňzeş desgalary bilen bilelikde), kömekçi hojalyk binalary 15% 10% b) köp öýli ýaşaýyş jaýy (kömekçi hojalyk binalary we şuňa meňzeş desgalary bilen bilelikde), ýaşalmaýan jaýlar 30% 15% ç) binalar, desgalar 30% 15% d) gurluşygy tamamlanmadyk obýektler 20% 10% e) emläk toplumlary hökmündäki kärhanalar 50% 25% f) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen halatlarda gozgalmaýan emlägiň başga görnüşleri 15 % 10% 2. Ýer bölegine eýeçilik hukugy, ýerden peýdalanmak hukugy, ýere kärende hukugy we ýer böleklerine degişli beýleki hukuklary (hukuklaryň borçlanmalaryny) döwlet tarapyndan bellige almak 50% 25% 3. Eýeçilik hukugyndan ýa-da gaýry hukukdan ýüz döndermek üçin özüniň bu hukukdan ýüz dönderýändigi hakyndaky arzasyny döwlet tarapyndan bellige almak 15% 10% 4. Gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň kärende (kireý) hukugyny döwlet tarapyndan bellige almak (ýer böleginden başgalary) 20% 10% 5. Serwitutlary döwlet tarapyndan bellige almak 40% 20% 6. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde degişli döwlet edaralarynyň karary boýunça gozgalmaýan emläginiň ýykylmagy ýa-da eýesinden mejbury alynmagy netijesinde we beýleki ýagdaýlarda (gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň başga birine geçmegi muňa degişli däldir) gozgalmaýan emläge bolan hukugyň bes edilmegini döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 7. Ipoteka şertnamasy babatda: а) ipoteka şertnamasyny döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% b) ipoteka şertnamasynyň üýtgedilmegini ýa- da ýatyrylmagyny döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 8. Girew hakyndaky şertnamany döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 9. Talaby başga birine bermegi, berginiň başga birine geçmegini döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 10. Gurluşyk etmek hukugyny döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 11. Paýly gurluşyk babatda: а) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny döwlet tarapyndan bellige almak 40% 20% b) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň üýtgedilmegini ýa-da ýatyrylmagyny, paýly gurluşyga gatnaşmak baradaky hukuklaryň başga birine berilmegini döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% ç) paýçynyň paýly gurluşygyň obýektine bolan eýeçilik hukugyny döwlet tarapyndan bellige almak 40% 20% 12. Döwlet emlägi döwletiň eýeçiliginden aýrylanda we hususylaşdyrylanda gozgalmaýan emläk babatda bellenilýän hukuklary we borçlanmalary döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 13. Hukuk eýeleri hakyndaky maglumatlaryň we gozgalmaýan emlägiň kybaplaşdyryş maglumatlarynyň hem-de beýleki maglumatlaryň üýtgedilmegini döwlet tarapyndan bellige almak 20% 10% 14. Gozgalmaýan emläge eýeçilik hukugy baradaky şahadatnamanyň öwezliginiň berilmegi (ýitirilmegi, zeper ýetirilmegi ýa- da başga sebäpler) 20% 10% 15. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan halatlarda başga hukuklary we hukuklaryň borçlanmalaryny döwlet tarapyndan bellige almak 15% 10% Bellik: * Döwlet paçlary, jerimeler hem-de jenaýat kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdaryna göterim görnüşinde bellenilýär. Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy boýunça gyssagly tertipde (5 (bäş) iş gününiň dowamynda) amala aşyrylýan hereketler üçin alynýan döwlet pajynyň möçberi iki esse möçberde tölenýär. Şu aşakdakylar döwlet pajyny tölemekden boşadylýar: Ähli topardaky maýyp adamlar, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketleriniň weteranlary, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketlerinde wepat bolan (aradan çykan) weteranlaryň dul galan ýanýoldaşlary, radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlar, ata-enesiniň howandarlygyndan galan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar; döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrylmagynyň netijesinde ýüze çykan eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy; paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýle şertnamanyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy; gozgalmaýan emläge bolan «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmeginden öň ýüze çykan hukuklaryň, hukuklaryň borçlanmasynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy; Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyryş-çäk düzümlerine, ilatly ýerlere we olaryň düzüm böleklerine, şeýle hem döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, beýleki obýektlere atlaryň dakylmagy we olaryň atlarynyň üýtgedilmegi bilen bagly gozgalmaýan emlägiň kybaplaşdyryş maglumatlarynyň üýtgedilmegini döwlet tarapyndan bellige alynmagy; kazyýet, beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgalmaýan emlägiň tussag edilmegi we onuň ýatyrylmagy barada degişli arzalar gelip gowşanda umumy esaslarda döwlet tarapyndan bellige alynmagy; kazyýetiň çözgüdi bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy ýatyrylan ýa-da üýtgedilen mahalynda Döwlet sanawyndaky ýazgynyň degişlilikde ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilmegi; Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.